Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly tutumlaryň netijesini bu gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň uly ösüşlere eýe bolýandygynyň we halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyk esasynda gazanylýan ykdysady öňegidişliklerdir durnukly ösüş halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň tä- ze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde obalarymyz, şäherçelerimiz hem-de şäherlerimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek boýunça netijeli işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňe sürlen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbü ni tutmak we işe girizmek dabarasy boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary ýadymyzdan çykmajak ýakymly täsirleri bilen belent ru hy ýokary göterilişi döretdi. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanmagy hem hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň rowaçlygyna şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu maýa goýumlary ýurdumyzy ösdürmäge gönükdiriler hem-de täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga we döwrebaplaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan bu gün ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýan, kämil hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwletleriň hatarynda tanalýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümlerimiziň sanawy ozalky ýyllardakydan has giňeldi. Eksporta iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze derejelere çykarar. Ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş syýasaty netijesinde ähli welaýatlar hem gyradeň durnukly ösdürilýär. Oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň birine öwrülmegi pudaga döwletimiz tarapyndan aýratyn ýardam berilýändiginiň görkezijileridir. Bugdaýyň we pagtanyň döwlet tarapyndan şu ýylyň hasylyndan başlap, satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary, şeýle hem 1 million 250 müň tonna «ak altyn» almagyň meýilleşdirilmegi döwletlilikden, bereketlilikden nyşandyr. Goý, ýurdumyzda beýik işleri amala aşyrýan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýgözel Naýipowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
çeşme: Aşgabat gazeti