Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hasyl toýunyň şanyna
29.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günümiz şanly wakalara toýdyr baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başdadurmagynda “Hasyl” toýynyň her ýylda bellenilip geçilmegi babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmetine uly baha bermekdir,armasyny ýetirmekdir. Ýurdymyzda giňden bellenilýän “Hasyl” toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi, babadaýhanlarymyzy gyzgyn gutlaýarys. Balkan welaýat häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňünde “Hasyl” toýy welaýat derejesinde giňden bellenildi, muňa ähli pudaklar bilen bir hatarda “Türkmennebit” DK-ne degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän bagtyýar nebitçilerimiz hem gatnaşdylar, çäräniň dowamynda milli toý tagamlaryny taýýarlamak barada zenanlaryň arasynda bäsleşik hem yglan edildi, bäsleşige dokuz sany topar gatnaşyp şolaryň biride “Türkmennebit” DK-niň zenanlar guramasydyr, nebitçi zenanlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan dörän “Bereketli Türkmen saçagy” atly kitabyndan ruhlanyp dürli toý tagamlary taýýarlap 2-nji orny almagy başardylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Biz zenanlar üçin bilim almaga, hünär öwrenmäge, perzent terbiýelemäge, öz ukyp başarnygyňy açyp görkezmäge ähli şertler we mümkinçilikler döredip berýär, şeýle mümkinçilikleriň sakasynda duran Hormatly Prezidentimize köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ogulbibi Şyhyýewa,“Türkmennebit” DK-niň „Nebitgazburawlaýyş“ trestiniň 

Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby