Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda uniwersiteti miz dünýä döwletleriniň nebit we gaz pudagyna degişli ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalary, korporasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp bar ýar.
Eziz Diýarymyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny goramak wezipesi bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Ýurdumyz ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär, gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklar özleşdirilende we ulanylanda daşky gurşawy goramaga hem uly üns berilýär. Ýurdumyz öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýup, energiýa çeşmeleriniň dünýä bazaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Hytaý Halk Respublikasy bilen ýangyç energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Türkmenistan ençeme ýyllardan bäri ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýdy. Ýeri gelende bellesek, 2023 nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde uniwersitetimiz bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ine, şol Ähtnamanyň esasynda uniwersitetimizde örän möhüm işler durmuşa geçirilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasynda uniwersitetde Lu Ban ussahanasyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda uniwersitetimiziň ýolbaşçysy Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin, Sian we Hebeý şäherlerine gulluk iş saparyny amala aşyrdy. Bu bolsa, öz gezeginde, ussahananyň häzirki zaman tejribehana enjamlary üçin talabalaýyk okuw binasyny, geçiriljek okuwtejribe sapaklarynyň hünär ugurlaryny, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny, okuw derslerini, okuw-tejribe enjamlaryny we mugallymlar bilen üpjünçiligini öz içine alýar. Munuň üçin uniwersitetde ýörite meýilnama esasynda möhüm işler durmuşa geçirildi. Uniwersitetiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetine hem-de Sian nebit uniwersitetine iş saparyna ugradyldy. Lu Ban ussahanasyny döretmek boýunça degişli işleri alyp barmak üçin Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň hemde Sian nebit uniwersitetiniň wekilleri uniwersitetde iş saparynda bolarlar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady uniwersitetiň daşary ýurtlaryň kompaniýalary we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekden, hyzmatdaşlygy dowam etdirmekden, ylym-bilim ulgamyna innowasion usullary ornaşdyrmakdan, tejribe alyşmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Sona Islamowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
çeşme: mugallymlar gazeti