Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
NE­BIT­GAZ PU­DA­GY­NYŇ ÖSÜŞ­LE­RI­NIŇ BE­ÝA­NY
24.10.2024

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasy indi halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Düýn hem bu ýerde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň ençeme döwletinden wekiller gatnaşýarlar. Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara serginiň açylyşy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Şu gezekki foruma köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary we ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri, şeýle-de ýüzlerçe adamlar gatnaşdylar. Ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky maglumatlar seljeriş-syn bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem foruma giň wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Bilşimiz ýaly, nebitgaz pudagy dünýä ýüzünde iň düşewüntli pudaklaryň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyzda-da bu pudagy innowasion esasda senagatlaşdyrmakda, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu forumyň geçi­ril­me­gi­niň esa­sy mak­sa­dy­—­ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakdan, ýangyç-energetika, nebitgaz, nebithimiýa pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şol maýa goýumlar pudagyň milli ykdysadyýetiň kuwwatyny ýokarlandyrmakda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, dünýä döwletleriniň ugurdaş düzümleridir kompaniýalary bilen özara bähbitli, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýär. Eziz Diýarymyzda bu forumyň ýylyň-ýylyna geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrýar. Biz ähli pudaklaryň ösýän, özgerýän zamanasynda ýaşaýarys. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatyndada tehnologiýanyň soňky gazanan innowasiýalarydyr usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Foruma gatnaşyjylar türkmen nebit önümlerini öndürýän zawodlarda, ozalky bar bolan nebit guýularynyň önüm berijiligini artdyrmakda, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmakda hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýtdylar.

Esger gazetiniň

ýörite habarçysy



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025