«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Häzir ki ajaýyp döwrümizde halklaryň arasyndadost-doganlykýörelgeleri has-da pugtalandyrylýar, çünki medeniýet halklaryň dostluk köprüsi hökmünde ykrar edilýär. Ýakynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy— parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem çuňňur many-mazmunaeýeboldy. Bu halkara forum edebiýatyň, sungatyň, medeniýetiň dostluk köprüsi hökmündäki gymmatlygyny has-da baýlaşdyrdy. Şeýle gymmatly baýlyklaryň biri hem adamzat kalbyna pähim paýlaýan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleridir, ajaýyp döredijiligidir.
Gahryman Arkadag ymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edildi. Şeýle şanly wakalar yň biri hem ýakynda bolup geçdi. Has takygy, Magtymguly Pyragynyň goşgulary özbek, ermeni, gyrgyz dillerinde çap edildi. Munuň özi dünýä okyjylarynyň şahyryň goşgularyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň beýan edýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKOnyň «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bu beýan edilenlerden görnüşi ýaly, şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, ähli adamzadyň paýhasly kelamyna öwrüldi. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyry diýlip jaýdar bellenilýär. Munuň özi edebiýatçylaryň, dilçi alymlaryň hem gyzyklanmasyny artdyrýar. Hut şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary köp asyrlaryň dowamynda alymlar tarapyndan öwrenilip gelnipdir. Çeper sözüň, edebiýatyň gymmatlygyna asyrlaryň dowamynda belent sarpa bilen garalypdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, ajaýyp goşgularynyň dünýä edebiýatynyň hazynasydygyny aýratyn bellemegimizde hem çuňňur many bar. Akyldar şahyryň şygyrlary dünýäniň ençeme dillerinde neşir edildi. Şonuň üçin hem bu günki günde akyldar şahyryň şygyrlaryny dünýäniň okyjylary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Şahyryň çuňňur manyly goşgulary, çeper hemde akgynly jümleleri ynsan kalbyny bezeýär. Şeýle ajaýyp gymmatlygy–nusgawy edebiýatyň hazynasyny ylmy esasda öwrenmek we ýaşlara öwretmek asylly däbe öwrüldi. Hut şu nukdaýnazardan hem biz bu günki günde ýaşlara wagyznesihat edýäris we şahyryň goşgularyndan mysallary beýan edýäris. Munuňöziakyldar şahyryň goşgularyny çuňňur öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär.
Maýagözel KULLAÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
çeşme: mugallymlar gazeti