Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Sagdynlygy, sporty wagyz edýän çäreler
28.10.2024

Ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolunýan ajaýyp zamanamyzda ylymly-bilimli, edep- -terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni, sporty wagyz edýän çäreleriň ähli ulgamlarda yzygiderli geçirilmegi bolsa, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygyny gazanmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle döwrebap çäreler biziň okuw mekdebimizde hem yzygiderli guralýar. Esasan hem, wagyz-nesihat çärelerine aýratyn ähmiýet berlip, olara mugallymlarymyzdyr talyplarymyz bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşýarlar. Ýokary ruhubelentlige beslenýän çärelerde sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ýaýbaňlandyrmak, sporty ösdürmek arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek babatda amala aşyrylýan işler hakynda buýsanç bilen gürrüň edilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy, sportuň ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdylýar.

Çary Ber­di­mäm­me­dow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň usuly birleşmesiniň ýolbaşçysy.