Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bilim syýasaty rowaçlanýar
24.10.2024

Bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça badalga berilýän özgertmeler rowaçlyklara beslenýär. «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Hut şol esasdanam, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy- -enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklaryny gurmaga, okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Çünki bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrmakda esasy şertleriň biridir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň kabul edilmegi ajaýyp zamanamyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan bilim özgertmeleriniň hil derejesiniň täze belentliklere göterilmegini üpjün etdi. Bu günki gün sanly serişdelerden baş çykarýan, daşary ýurt dillerini bilýän bagtyýar ýaşlarymyzy göreniňde, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri, gurmaklary, döretmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edip berýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmeýär.

Amanmyrat Ha­ly­mow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.