«Edep başy salamdyr» diýýän parasatly halkymyzda salamlaşmagyň özboluşly düzgünleri, milli aýratynlyklary bar. Bu düzgünler nusgalyk mekdep bolup, olar ata-babalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýär. Salamlaşmak birek-birege bolan hormatyň, adamkärçiligiň ilkinji nyşanydyr. Salam sözi ýagşy zatlary birleşdirýän mukaddes sözdür, ol ynsanyň kalbyny nurlandyrýar. Biziň halkymyzda diňe adamlara däl, eýsem, öýe salam bermek hormaty hem saklanyp galypdyr. Şeýle hem «Essalawmaleýkim, suw aga» diýip başlanýan sazlaşykly setirleriň biziň çagalykdan aňymyza guýulmagy halkymyzyň salam bermek babatda kän durmuş tejribesine eýediginiň subutnamasydyr. Salamlaşmak edebi halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda milli mirasymyzyň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Biz taryhyň haýsy döwrüne ser salanymyzda hem salamlaşmak edebiniň ünsden düşürilmändigine göz ýetirýäris. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde, dessanlarda, gazallarda salamlaşmak edebi hakyndaky pikir-garaýyşlara häli-şindi duşýarys. Bu bolsa ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Çünki halkymyzyň salamlaşmak edebi, ähli döwürlerde bolşy ýaly, ajaýyp zamanamyzda hem ynsanlary birek-birek bilen dostlaşdyryp, ýakynlaşdyryp, hoşgylaw gatnaşyklary berkidip gelýär.
Ýazgül Täşliýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
çeşme: "Balkan" welaýat gazeti