Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzda tebigatyň we daşky gurşawyň goraglylygy kanun esasynda kepillendirilendir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda obalardyr şäherçeler, şäherler bagy-bossanlyga bürelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara işjeň goşulýar. Ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wajyp meseleleri çözmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlarynyň dünýäde goldanylyp, ýurdumyzda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bizi diýseň buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň gözelligini we biodürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde ýaş nesillere uly ynam bildirilýär. Hut şonuň üçinem tebigata eýeçilik gözi bilen garamakda, daşky gurşawy arassa saklamakda olara ekologiýa terbiýesini bermek möhüm wezipedir. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ekologiýa terbiýesine bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam degişli. Agaç ekmegiň sogaby, haýry ir döwürlerden bäri meşhur we ol çagalykdan aňymyza guýulýan terbiýeleriň biri» diýip belleýär. Şeýle asylly maksada eýerip, gözel tebigatymyzy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanyp, olary geljekki nesillere ýetirmek mukaddes borçdur. Çünki ýaş nesillere ekologiýa terbiýesini berip, olarda tebigata söýgi döretmek — bu miwesi datly daragtdyr. Munuň üçin bize giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredip berip, nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza hem-de A r k a d a g l y G a h r y m a n Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.
Gylyçmämmet Hojagulyýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
çeşme: "Balkan" welaýat gazeti