Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ykdysady özgertmeler halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegini nazarlaýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde ösüşiň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durup geçmek bilen, ähli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň il-ýurt, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini nygtady.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde energetika pudagynda ýetilen belent sepgitleriň paýy uludyr. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde geçilen menzillere nazar aýlanyňda, şu günki üstünliklere getiren başlangyçlaryň yzygiderli, tapgyrlaýyn häsiýete eýe bolandygyna göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy iki gezek, ýagny 2008-nji we 2013-nji ýyllarda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly taryhy Kararnamany kabul etdi. Şu ýerde birinji Kararnama BMG-ä agza döwletleriň 57-siniň, ikinjä 71-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň energetika ulgamynda garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň turuwbaşdan dünýä bileleşiginiň uly goldawyna eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 2023-nji ýylda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama hem ozalky iki resminamanyň üstüni ýetirip, bütin adamzadyň bähbidini araýan başlangyçlarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Energetika pudagynda durmuşa geçirilýän işleriň ýurtlaryňdyr halklaryň ykbalynda-da oňyn özgerişlikleri döredýändigi buýsançlydyr. Munuň üçin mysaly uzakdan gözlemegiň zerurlygy ýok. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda bolup geçen wakalar diňe bir Türkmenistanyň däl, sebitiň ýurtlarynyň täze taryhyna-da altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary bolup, olara sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar. Şol günki wakalar hakda dünýäniň habar beriş serişdeleri-de giňişleýin çykyşlary öz sahypalarynda ýerleşdirdiler. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisine halkara derejede berilýän ünsüň uludygyny aýratyn bellemelidiris. Sebäbi bu geçirijiniň işe girizilmegi tutuş sebitiň halklarynyň durmuşynda, ykdysadyýetinde uly öňegidişlikleri döreder. Iri taslama her ýylda Owganystana, Pakistana we Hindistana 33 milliard kubmetr gaz ibermäge niýetlenendir. Şol gün kuwwaty ýylda 30 milliard kubmetre deň boljak «Şatlyk-1» gaz gysyjy desganyň hem gurluşygyna girişilmegi işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylýandygyny ýene bir gezek tassyklady.
Energetika barada gürrüň edilende, ynsan durmuşyndaky wajyp zatlaryň ählisi diýen ýaly göz öňüňde janlanýar. Sebäbi häzirki zaman ýaşaýşyny elektrik, ýangyç energetikasy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Hut şonuň üçinem bu tebigy baýlygymyzyň dünýä ýurtlaryna ugradylmagynyň ykdysady bähbitlerinden başga-da, şol eşretlerden paýly boljak halklaryň durmuşynda-da oňyn özgerişlikleri döretjekdigi hemmelere mälimdir. Pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmakdaky alyslary nazarlaýan döwletli tutumlara Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan täze depgin berilmegi energiýany eksport etmek mümkinçiliklerimizi ýylsaýyn artdyrýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi hem şeýle tagallalardan habar berýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyrynda amala aşyrylmaly wezipeleriň çäklerinde işe girizilen bu bekediň goňşy owgan halkynyň durmuşyna eçiljek eşretleri uly bolar. Üç tapgyry nazarlaýan bu taslamanyň doly amala aşyrylmagy bilen, goňşy Owganystana 220 kilowolt, Pakistana 500 kilowolt güýjenmeli ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň çekilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň her bir ädimi sahawata beslenýän syýasatynyň adamzadyň abadan durmuşyna gönükdirilendiginiň güwäsidir.
Şol gün gurluşygyna badalga berlen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi hem iň häzirki zaman ösüşleriniň sebit halklarynyň durmuşyndan üzňe bolmaly däldigi baradaky haýyrly tutumlaryň bir ülşüdir. Bu taslamanyň ähmiýeti barada pikir edeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly döwletli başlangyjy hakydaňa gelýär. Sebäbi halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bu taslama Owganystana, Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa sebit döwletleriniň arasynda maglumat geçirijilik birikmesini artdyrar, ol Ýewropa, Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň aralygynda maglumat geçirijilik tizligini sekuntda 100 gigabite, geljekde 6 terabite çenli artdyrmaga şert döreder.
Sebit we umumadamzat bähbitli bu taryhy işlerde Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň ulanmaga berilmeginiň hem aýratyn orny bar. Halkymyz ýagşy niýet etmegi döwletlilige ýorýar. Ýagşy niýet bilen gurulýan köprüler bolsa halklary, ýurtlary birleşdirýär. Gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Bu täze köpri hem diňe bir türkmen-owgan halklaryny däl, sebitleri-de birleşdirýär. Şol gün Turgundy — Sanabar bölegine badalga berlen Turgundy — Hyrat demir ýoly barada-da şeýle buýsançly sözleri aýtmak mümkin. Çünki bu ýol arkaly yklymlary birleşdirýän ýollar dowamat tapar. Ýurtlaryň ykdysadyýetiniň, halklaryň ýaşaýşynyň has gowulanmagyna täze şertleri döreder. Şeýlelikde, türkmen topragynyň üsti bilen dost-doganlyk ýollary alyslardan-alyslara uzar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy gülledýän, dünýä ýurtlaryna dost-doganlyk ýollaryny çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.