Alym Amanmämmet Paşanaýew iki sany monografiýa häsiýetli kitabyň, bir okuw gollanmasynyň, 75-den gowrak ylmy hasabatlaryň awtorydyr. Onuň awtorlar köpçüligi bilen bilelikde taýýarlan ylmy makalalarynyň sany 70-e golaýlaýar. Bu sanlar alymyň ylymdan ýüküniň ýetikdiginiň, bu ugra tutuş düýrmegi bilen gulluk edýändiginiň güwäsi. Türkmen politehniki institutyny 1965-nji ýylda tamamlap, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda işe başlan alymyň zähmet depderçesinde başga ýazgy ýok. Ol bu ýerde dürli ýyllarda inžener, uly inžener, kiçi we uly ylmy işgär, senagat geofizikasy bölüminiň başlygy, nebitsenagat geologiýasy we geofizikasy barlaghanasynyň müdiri bolýar. 2008-nji ýyldan bäri bolsa şol barlaghananyň esasy ylmy işgäri. 1972-nji ýylda geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alan alym 1981-nji ýyldan bäri uly ylmy işgär diýen adyň eýesi.
2017-nji ýylda A.Paşanaýewiň gatnaşmagynda taýýarlanan «Senagat geofiziki maglumatlar esasynda Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly ýataklarynda gorlaryň parametrlerini hasaplamagyň kesgitlenişi» atly okuw gollanma kitaby Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenip, «Ylym» neşirýatynda çapdan çykýar. Bu kitap, esasan, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň uglewodorodly ýataklarynyň gyzyl reňkli çökündileriniň kollektorlarynyň doýgunlyk häsiýetini anyklamakda, nebitgazly gatlaklaryň galyňlygyny we olaryň öýjüklilik, doýgunlylyk, geçirijilik koeffisiýentlerini has takyk kesgitlemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu möhüm neşirde A.Paşanaýewiň juda takyklygy bilen tapawutlanýan, geçirilen tejribelerde iş ýüzünde subut edilen ylmy makalalary ýerleşdirilipdir.
A.Paşanaýew kärdeşleri bilen bilelikde Goturdepe ýatagynda nebit gorlarynyň mundan elli ýyla golaý öň kesgitlenen orta ölçeg bahalarynyň çykaryp boljak nebit gorlaryndan ep-esli artýandygyny hem ynamly subut eden alymdyr. Zehini Hakdan berlen alymyň aýtmagyna görä, Goturdepäniň Günbatar meýdançasynyň we Barsagelmez ýatagynyň saýlanyp alnan gorizontlarynda (gat-gatlamalarynda) göwrüm usulynda hasaplanan gorlaryň ululyk bahasynyň bolmalysyndan pes, az görlüp, olaryň material balans usulynda hasaplanan gorlary kabul edilendir. Şonuň üçin hem şu agzalyp geçilen känlerde göwrüm usulynda hasaplanan nebit gorlarynyň bolmalysyndan pesliginiň sebäbini anyklamak üçin degişli ylmy esasda hasaplama işleri geçirilýär. Alymyň hödürlän bu işinde nebit gorlarynyň balansynyň gatnaşygy Goturdepe we Barsagelmez känlerinde öňki kabul edilip tassyklananyndan azalýar, çykaryp boljak nebit gorlarynyň netijesi bolsa has artýar. Bu hakykat alymyň nebiti suw bilen gysyp çykarmak koeffisiýentini ulanmagy bilen ýüze çykarylýar.
Goturdepe hazynalar mesgeninde nebitli ýataklaryň çykaryp boljak gorlarynyň 1978-nji ýylda kabul edilenden 9,6 göterimden gowrak artýandygy alymyň ylmy işlerinde ynandyryjy subut edilýär, ýagny olaryň öňki hasapda durýan başlangyç çykaryp boljak gorlaryndan çykarylan nebitiň jemi aýrylanda, galan çig malyň mukdary 9 göterime deň bolsa, alymyň häzirki hödürleýän işinde gorlaryndan çykarylan önüm aýrylanda, galan nebitiň mukdary 17 göterime deň bolanlygy subut edilýär. Netijede, gaýtadan hasaplanan gorlardaky guýulardan heniz alynmadyk «gara altynyň» möçberiniň millionlarça tonna baryp ýetýändigi aýdyň ýüze çykýar. Munuň özi gorlar boýunça hiç bir çykdajysyz orta topara girýän täze açylan nebitli käne deňeçerdir.
— Kärdeşlerimiz bilen geçiren ylmy barlaglarymyzyň netijeleri «Goturdepe» nebit-gaz çykaryş müdirligine ýetirilenden soň, öň doly ulanylman galdyrylan 10 sany guýudan ilkinji ölçegiň netijesinde bir gije-gündiziň dowamynda çykarylan «gara altynyň» jemi möçberi 550 tonnadan hem geçdi. Şonuň üçin hem summar netijeli galyndy nebit doýgunly galyňlyklaryň kartasyny bu baýlyklar mesgeniniň garamagyndaky meýdançalaryň ählisinde her bir nebitli gorizontlar üçin aýry-aýrylykda gurmaklygy teklip edýärin. Bu iş amala aşyrylandan soň, kartanyň her bir bloklarynyň (kerçleriniň) hödürlenýän nebit berijilik koeffisiýentiniň orta bahasyna ýetmek maksadynda ýataklary özleşdirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, ikinji sütüni burawlamak, eger gerek bolsa, täze guýulary gazmaklygy teklip etmek bilen, gazanyljak ahyrky netijäniň oňat boljakdygyna şübhesiz ynanýaryn. Barsagelmez käninde geçiren barlaglarymyz hem öňki kabul edilen çykaryp boljak nebit gorlaryndan 11,6 göterime çenli artmagyna getirdi — diýip, geofizik alym nygtaýar.
— Geofiziki usullary ulanmakda, gorlaryň hasaplama parametrlerini taýýarlamakda onuň tejribesi uly, ondan halypa hökmünde öwrenmäge zat juda köp. Ol ýaşlary ylma ugrukdyrmakda hem halypalyk edýär. Amanmämmet aga meniň, şeýle hem Maýsa Meläýewanyň alymlyk derejesini almak üçin ýazýan işimiziň hem ylmy ýolbaşçysy. Ylymdan ýüki ýetik şeýle tanymal alymyň ýolbaşçylygynda kandidatlyk dissertasiýamyzy üstünlikli gorajakdygymyza ynamymyz uly — diýip, nebitsenagat geologiýasy we geofizikasy barlaghanasynyň müdiri, ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgär Güljemal Paşdurdyýewa aýdýar.
Şol bir ylym ojagynda indi biregne 59 ýyl bäri zähmet çekip gelýän, 37 ýyl bäri zähmet weterany, tanymal geofizik alym entek özüni gujurly duýýar. Amanmämmet aga maşgalasy Kümüş daýza bilen üç ogly, bäş gyzy ösdürip, kemala getirdi. 60 ýyldan gowrak wagt bäri bir mukaddes ojakdan örüp ýören bu il sylagly ynsanlaryň 24 agtygy, 20 çowlugy bar. Ylymdan ýüki ýetik ynsanperwer alym olaryň toýlarynyň beýemçisi, her bir işde adyl maslahatçysy.
— Hormatly Prezidentimiz amala aşyrýan her bir dünýä nusgalyk işlerinde, ilkinji nobatda, ylmy esaslara we dünýä tejribelerine daýanyp, halkymyzy bagtyýar şu günlerimizden nurana ertirlerimize ynamly alyp barýar. Bu hakykat nebitgaz ulgamyna, bu pudakda zähmet çekýän nebitçilere, gazçylara, alymlara hem dahyllydyr. Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň anyklanan gorlarynyň möçberleri boýunça dünýäde iň öňdäki hatarlarda durýandygyna buýsanýarys. Biz bu ätiýaçlyk gorlaryň möçberlerini ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna daýanyp, anyk subut edýäris. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän energetika syýasatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny dünýäniň energetika ulgamyna has ýakynlaşdyrmagyň anyk ýollary kesgitlenilýär. Bu il-ýurt bähbitli syýasaty durmuşa geçirmekde toplumyň ylmy ojaklarynyň alymlaryna hem uly ynam bildirilýär. Munuň üçin döwlet Baştutanymyza alkyşymyzyň çägi ýok — diýip, Amanmämmet Paşanaýew buýsanç bilen aýdýar.
Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».