Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Döwlet sylagy ýokary ynamy ödemäge borçlandyrýar
15.10.2024

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda dürli pudaklaryň wekilleri ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri hem bar.

Allaberdi HALMYRADOW,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň gaztehnologiýa işleri boýunça orunbasary, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän 2024-nji ýyl hakydamda hemişelik galar. Ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda maňa Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak bagty miýesser etdi. Bu taryhy forumda döwlet ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we wajyp kararlar kabul edildi.

Şeýle hem şol gün maňa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirilen dabaraly çärede döwlet sylagyny — «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyny gowşurdylar.

Halk Maslahatynyň mejlisinde biz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň çuň mazmunly taryhy çykyşlaryny diňledik, olar mejlise gatnaşyjylaryň eziz Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň gol çekip, Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklan Permanynyň möhümdigini aýratyn bellemek isleýärin.

Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmagymy, şeýle hem döwlet sylagyna mynasyp bolmagymy men ykdysadyýetiň geljegi uly bolan we sazlaşykly ösýän pudagyna mynasyp goşantlaryny goşýan ähli gazçylaryň tutanýerli zähmetine berlen ýokary baha diýip hasaplaýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa zähmetime beren ýokary bahasy üçin çäksiz hoşallygymy beýan edýärin, bu baha meni eziz Watanymyzyň şan-şöhraty üçin täze işlere ruhlandyrar.

Gülruh MOLLAÝEWA,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Işgärler we hukuk müdirliginiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

— Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda maňa ýokary döwlet sylagy — «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Men özümi bagtly saýýaryn hem-de meniň zähmetime berlen ýokary baha üçin çäksiz hoşallygymy beýan edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň abadançylygy barada edýän taýsyz tagallalary çäksizdir.

Biz — ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny batly depginler bilen ösdürmek hem-de halkara energetika giňişligine goşmak boýunça maksatnamany üstünlikli amala aşyrmak barada aýdan sözlerini uly buýsanç we ruhubelentlik bilen kabul etdik.

Umumymilli forumyň mejlisinde gazanan üstünliklerimiz barada getirilen maglumatlar, şeýle hem täze maksatlar geljek döwür üçin öňümizde uly wezipeleri goýýar, biziň olary abraý, tutanýerli zähmetimiz bilen berjaý etjekdigimize berk ynanýaryn.

Myrat ANNAMYRADOW,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň buraw desgasynyň maşinisti, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

— Uly bolmadyk zähmetime ýokary döwlet sylagy bolan «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň berilmegi meniň üçin uly hormat boldy. Bu sylagy agzybir zähmetkeş toparymyza berlen uly sylag diýip hasaplaýaryn.

Biz işleriň gerimi boýunça haýran galdyrýan döwürde ýaşaýarys. Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny halkara derejesinde berkitmek boýunça işler batly depginlerde amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, «Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi».

Ýakynda TOPH gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Serhetabat — Hyrat optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna, şeýle hem ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşjak beýleki birnäçe möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna badalga berildi.

Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Leýli AŞYROWA,

«Nebit-gaz».