Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy
22.09.2024

Pederlerimizden dowam edip gelýän, agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, bitewüligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütler ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletiň başlan işi on bolar» ýaly pähimler bar. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek çözgütler täze ösüşlere badalga berer, belent sepgitleriň gözbaşyna öwrüler. Ol döwlet Baştutanymyzyň ýurdy dolandyrmakda ata-babalarymyzyň tejribelerinden ugur alyp, häzirkizamanyň şertlerine laýyklykda has kämil, dünýä nusgalyk derejä çykarýandygyny görkezýän — jemgyýetçilik mekdebidir.

Ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryna degişli taryhy ähmiýetli meseleleri çözmek asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Prezidentimiziň Karary esasynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimize döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak meselelerine garamak göz öňüne tutulýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek göz öňüne tutulýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze şäherleri we obalary, şol sanda medeniýet we bilim ojaklaryny,  ýol gurluşyk hem-de suw ulgamlaryny, energetika we senagat desgalaryny gurmak işleri ýokary derejede dowam etdirilýär. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, Watanymyzyň kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri höküminde kesgitlendi.

Nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň (ulgamlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam edýär. Täze nebit we gaz ýatlaryny gözlemek, özleşdirmek, uglewodorod serişlerini çykarmak we gaýtadan işlemek, ýerlemek, önümiň hil derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmak ýaly işler durmuşa geçirilýär.

Nebit we gaz guýularynyň, desgalaryň kadaly işlemegini gazanmak, döwrebap usullary, oýlap tapyşlary, ylmy täzelikleri önümçilige ornaşdyrmak esasy wezipeler bolup durýar. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň döwrebap şertlerde ýaşamak we zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlar dillerimiziň senasydyr.

Saparmyrat ARTYKOW,

«Nebitgazylmytaslama»

institutynyň uly ylmy işgäri.