
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ösen tejribäni, sanly ulgamy ornaşdyryp, ony döwrebap derejä ýetirmek we köpugurly esasda ösdürmek häzirki döwrüň möhüm wezipesidir. «Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda «Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça geçiriljek çäreler bilen bir hatarda, taýýarlanylýan nebitiň hilini ýokarlandyrmak babatda hem degişli işleri amala aşyrmak esasy wezipe bolup durýar».
Nebiti çykarmak üçin dürli nasoslar we nasos desgalary ulanylýar. Olara şu aşakdakylary görkezmek bolar:
- Ştanga arkaly stanok-kaçalkadan herekete getirilýän porşenli nasoslar.
- Elektrohereketli çüwdürme sentrobež nasoslar.
- Gidrohereketli çüwdürme porşenli nasoslar.
- Hyrly (wintowoý) nasoslar.
Nebit känleriniň guỳularynyň önümberijiligini ỳokarlandyrmakda Wintli nasoslar, haçan-da nebitde şepbeşiklik uly bolup, gazdoỳgunlylyk ỳokary bolan ýagdaýynda plunžerli ỳa-da elektro merkeze gönükdiriji (EMGN) nasoslara çalyşmak üçin çykaryldy.
Olaryň işleýşi seljerilende, bu usul bilen işleýän guýulara daşky gaz paýlaýjy desgalara üznüksiz tebigy gazyň berilmegi bilen birlikde, birnäçe guýularda nebit çykarmak üçin, gazyň köp mukdarda bisarpa harçlanýandygyna, ýagny gazyň udel sarp edilişiniň ýokarydygyna gözegçilik edildi. Şol sebäpli, az çykarymly (debitli) ýa-da önümlilik koeffisiýenti pes bolan gazlift guýularyna üznüksiz berilýän gazy tygşytlap, rejeli peýdalanyp, mahlasy guýularyň kadaly işledilip, gaznada saklanmagynyň hötdesinden gelmek zerurlygy ýüze çykýar, şoňa laýyklykda nebitiň çykarylyp durulmagyna täsir edýän oňaýly çäreler işlenilip düzülýär. Şeýle möhüm çäreler wagtynda geçirilmese, guýularyň iş düzgüniniň bozulmagyna, galyberse-de, nebit ýitgisine sebäp bolunýar. Şonuň esasynda ulanyşdaky guýulara berilýän gazy saklamak boýunça barlag ileriniň toplumy yzygiderli geçirilýär. Şu nukdaýnazardan seredilip, gazlift usuly bilen nebit çykarmakda az önümli guýulara sarp edilýän gazy tygşytlamak arkaly tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylan çäreleriň biri-de köpugurly klapany peýdalanyp, olary döwürleýin (wagtal-wagtal) gaz berip işledilýän usula geçirmek barada karara gelindi we bu usul önümçilikde öz beýanyny tapdy. Bu çäräni amala aşyrmak ýörite iş meýilnamasy boýunça alnyp baryldy.
Guýular haýsy usulda işledilse-de, olaryň düýbüne nebit dowamly akyp geler ýaly gatlak bilen düýpýaka çuňlugynyň arasynda basyş tapawudy döredilýär. Bu bolsa gatlakdan suwnebit garyndynyň çalt tizlikde akyp gelmegine ýardam edýär. Şol bir wagtyň özünde göteriji turba bilen gatlagyň özara baglanyşygy saklanýar we belli bir wagt aralygynda turbadaky suwuklyk klapanyň üsti bilen siklleýin gysylyp çykarylýar. Ulanyşdaky guýulara goýberilýän köpugurly differensial KGU-25 klapanyň silfonly klapanlardan (azot ýa-da howa bilen doldurylan klapanlardan) tapawutlanýanlygy turbaaňry giňişlikde berilýän gazyň turbanyň içindäki suwuklyga sazlanyp girizilýänliginden ybaratdyr. Şunda guýynyň işleýşinde pulsirlenme (gazyň kesilip-kesilip akmagy) bolmaýar. Şeýlelikde, KGU-25 klapanyny ulanyp, şeýle tehnologiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde guýularyň kadaly düzgünde işlemegine mümkinçilik döredilýär. Döwürleýin gazlift usuly bilen guýy işlände, onuň üstünde basyşynyň üýtgeýşini ýazýan (görkezýän) ýörite kartogrammaly enjam goýulýar we gije-gündiziň dowamynda onuň ýüzündäki egri we göni çyzyjaklar arkaly guýynyň arasy üzülip, işleýşi häsiýetlendirilýär. Kartogrammadaky göni çyzyk bufer basyşyň nebit akdyryjy kollektorynyň basyşy bilen deň bolup duran ýagdaýyny we gazyň sarp edilişiniň tygşytlanylýan hem-de nebitiň turbanyň içine akyp gelýän wagtyny aňladýar. Bufer basyşynyň dikligine galýan egri çyzygy bolsa, nebitiň kollektora akyp gidýän pursatyny görkezýär. Sözümizi jemläp aýtsak, döwürleýin gazlift guýularynda düzgün barlagy geçirilenden soňra çylşyrymlaşmalar ýüze çykmasa, olaryň kadaly düzgünde uzak wagtlap işläp durýanlygyny iş tejribesi görkezýär.
Çuňluk elektrohereketlendirijiniň iki wintli (hyrly) nasoslary.
1990-njy ýyllarda wintowoý nasoslaryň esasy görnüşleriniň biri bolan ÇE iki wintowoý nasoslar SKT-niň kömegi bilen guýulara goýberildi.
Enjamyň esasy häsiỳetleri
- Mehaniki goşundylaryň 0,6 gr/l-den az bolmagy;
- Erkin gazyň bolmaklygy;
- Şepbeşikligiň 6×10-4 m2/sek-dan kiçi bolmaklygy (6 Stoks).
Tehnologiki görkezijileri:
- Suwuklyk durnukly alynýanlygy sebäpi nebit emulsiýalary emele gelmeýär;
- Şebpeşikligiň ulalmagy bilen wint NKT-niň arasynyň dykyzlanmagy sebäpli, nasosyň pedalynyň täsir koeffisiỳenti (PTK) hem ulalýar. Wint nasosyň (EMGN)-den tapawutlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi şepbeşikligiň ulalmagy (EMGN)-niň häsiýetleriniň peselmegine getirýär.
Wintli nasoslaryň bar bolan marka görnüşleri: ЭВНТ-16-1200; ЭВНТ-25-1000; ЭВНТ-100-1000; ЭВНТ-200-900Ю.
Düşündirilişi: Э-elektrohereketlendiriji; В-wintl; Н-nasos; Т-ýuwaş hereketli (1500 aýlaw/min); 16-maksimal debiti m3/sut; 1200-akym, m; hemme wintli nasoslar oturtma turbasynyň minimal içki diametri 130 mm görä alynỳar.
Işleýän jisimleri guýudaky ýylylyk täsirleşmesinde onuň metaly göz öňündne tutulyp ýasalýar. Görkezilen nasoslar 30-700C-daky özleşdirmede ulanmaga gönükdirilendir.
Iki wintli nasoslaryň debiti 10÷75 m3/g.g. aralygynda bolup, onuň akymy 1000m ýetýär. Şu ýagdaýlarda onuň peỳdaly täsir koeffisỳenti (PTK)-y 65-e ýetýär, bu bolsa (ШГН) we (EMGN)-niň (PTK)- lary has uludygyny görkezýär ( meňzeş şertlerde).
Elektro wintli nasos desgasynyň transformatorynyň (УЭВНТ) ulgamy ýerüsti stansiýa we transformatory hem öz içine alýar.
Germaniýanyň NTZ markaly birwintli nasoslary.
Goturdepe we Barsagelmez nebitgaz känleriniň guýularynyň ulanyş sütünlerine NYZ markaly nasoslar gabat gelýär. Olaryň berijilik debiti 10-15 m3/sut (NTZ 278*240 ST10, napory 1100m.
- Bir wintowoý nasoslaryň gaýyş gabynyň peỳdaly täsir koeffisiỳenti PTK- 0,5-0,6 aralygynda.
- Nasos kompressor turbasy NKT (SKT)-niň kömegi bilen çuňluga goýberilýän nasos ştanga kolonnalarynyň aýlanmagy bilen işe girizilýär. Ştanga kolonnalarynyň aýlanmagy guỳynyň üstdäki elektropriwody arkaly amala aşyrylýar.
NTZ markaly nasoslaryň elektro wintli nasos desgasynyň transformatorynyň (УЭВНТ) markaly nasoslardan tapawutly aýratynlyklary:
Geçirijiler:
- Elektrokabeliň ýoklugy.
- Elektrohereketlendirijiniň işiniň durnuklylygy.
- Ştanga kolonnalarynyň aýlanma ýygylygyny sazlamagyň ýeňil bolmagy we gymmat bahaly ýörite enjamlaryň gerek däldigi.
- Klapanlaryň ýoklugy (ÇSN bilen deňeşdireňde) we uly tizlikli akymlaryň ýoklugy (EMGN bilen deňeşdireňde) sebäpli önüminde uly mukdarda mehaniki goşundylaryň bar bolan guýularda işlemäge mümkinçiliginiň bolmagy.
- Goturdepe we Barsagelmez känleriniň guỳulary özledirilende önümiň düzüminde 0,42% çenli mehaniki goşundylaryň barlygynda NTZ markaly nasoslaryň iş başarnygy УЭВНТ bilen deňeşdireniňde ýedi esse uly görkeziji görkezdi.
- Goturdepe we Barsagelmez känleri özleşdirlende bejergi işleriniň aralarynyň döwürleri 0,5-1,5 ýylda görkezỳär.
Goturdepe we Barsagelmez känleri özleşdirilende NTZ markaly nasoslar kiçi aýlanma ýygylygynda işledildi (135 aýl/min), bu bolsa onuň pasportdaky maksimal aýlanma ýygylygyna çenli işläp bilỳänligini görkezýär (376 aýl/min), ýöne esasy şertleriň biri nasosyň işleýän ýerinde gaz fazasynyň 50%-den az bolmagyny saklamaly.
Ştanga nasosly guýulary özleşdirmek.
Bu şu wagta çenli dünýäde az we orta çykymly guýular ulanylanda esasy usullaryň biri bolup gelýär, ýöne oňa käbir şertlerde çalşyrymly usullary goýmak mümkin:
Guỳularda ýokary gaz faktory:
Mümkinçilikleri saýlama: Wintli nasoslar kynçylyksyz şertlerde ÇSN-lere hiç hili mümkinçilikleri saýlama ýok, bu bolsa şu artykmaçlyklary görkezýär:
- Stanok-kaçalka we çuňluk nasoslarynyň görnüşleriniň köplügi, hemme özleşdirme şertlerine deň gelýänligi. (Çuňlugy uly we göni çuwdurim usulyndan soň gazlift usulyna geçen guýulardan başga).
- Hemme enjamlarynyň bejeriş standartlarynyň bar bolmagy.
- Iş düzgünini hasaplamakda barlag geçirmegiň standartizirlenen usullarynyň bolmagy.
Wintli nasoslary ulanmagyň netijeligini seljermek.
Guýular wintli nasos bilen özleşdirilende Goturdepe we Barsagelmez känlerini netijeli ulanmak üçin teklipler esaslandyryldy. Germaniýanyň NTZ markaly wintli nasoslary guýulardan çykymy almak üçin gönükdirilen, onuň alyjylyk debiti 10-dan 15 m3/g.g. aralygynda, akymy 1100m. Onuň wintiniň daşyny gurşaýan gabynda aýlanýan rezin ýörite wint arkaly ulaldylýar. Onuň optimal peỳdaly täsir koeffisisỳenti PTK-sy 1100m çuňlukda ýerleşip 0,5÷0,6 deň bolýar.
Wintli nasosyň häsiýetleri EMGN-iňki bilen deň, ýagny ol çuňluk agregatyndan ybaratdyr. Çuňluk agregatynda sentrabežny nasos däl-de wintli nasos ulanylýar. Wintli nasoslarda hereketlendiriji guýynyň üstünde reduktoryň içinden goýulýar. Wariator çuňluk nasosynda wintleri açyk bolanda ştanga kolonnalaryny aýlaýar.
Nasosyň üstündäki enjamlar troýnikden, prewentordan we ters flýanesden ybaratdyr. Nasos enjamyna şular degişlidir: rotor, stator, patrubka, muftalar. Nasosyň daşky diametri 95 mm-den ybaratdyr, bu bolsa olary 114 mm daşky diametrli ulanyş sütüniniň içinden geçirmäge mümkinçilik berýär. Başga-da NKT-niň içinden sentratorlaryň kömegi bilen nasosyň statoryny, soňra bolsa adaty ştangalaryň kömegi bilen rotory goýberilýär.
Ştanga enjamlaryna degişli: ştok, gysgaldylan ştangalar, nasos ştangalary, sentratorlar, sentratorlar üçin protektorlar ulanylỳar.
Goyberilmezden öň ştangalaryň we turbalaryň uzynlygy birnäçe gezek ölçenilýär. Olaryň biri-birine birikdirilmesi maksimal rugsat berlen moment güýji bilen geçirilýär. Ştanga kolonnasynyň gerek uzynlygy gysgaldylan ştangalar arkaly doldurylýar. Ýöne kolonnalaryň öz agramyny we nasosyň döredýän basyşy esasynda kolonnalaryň süýnmesini hasaba almak zerurdyr.
Işlediji enjam şu aşakdakylary öz içine alýar: şkiw 670 mm we 137 mm, hereketlendirijä kömek beriji enjam, hereketlendiriji, bejeriji, geçiriji we goýujy gabygy, kemer (5 sany), ştoguň zažymy, dykyzlandyryjy kolsa (9 sany), kemerler, elektrohereketlendiriji 13,2 KW, 977 aýl/min, dolandyryş pulty.
Guýulary özleşdirme wagtynda toguň ýygylygyny sazlaýjy enjam ulanylýar, bu bolsa wintiň aýlanma ýygylygyny durnukly üýtgetmek üçin we agram düşmezligi üçin ýardam berýär. Eger guýynyň önümi uly şepbeşiklige eýe bolsa, onda bu görnüşli enjamy nasos ştanga kolonnalarynda aýlanma esasynda garşylyk döreýänligi sebäpli ulanmak mümkin bolmaýar.
Wintli nasos hereketi göwrümli diýip kabul edilýär, bu bolsa onuň territoriki öndürijiliginiň, onuň aýlanma ýygylygyna proporsionaldygyny görkezýär.
Wintly nasosyň nebitli we gazly garyndyny geçirip bilýänligi üçin ol guýudaky asylma çuňlugy nebitiň gazdoýgunlyk basyşyna gabat gelýän suwuklyk derejesinden ýokarda saklap bilýär.
Emma adatça nasosy dinamiki derejesine, ýagny 100 m aşakda bolmadyk çuňluga goýberilýär we mümkinçilik boldugyça nasosyň agzyndaky basyş doýgunlyk basyşyndan ýokarda saklanýar.
Batyr Jumaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary
Maýagül Gafurowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty