Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Sanly ulgam — maksatly ösüşler
20.09.2024

Sanly ykdysadyýet senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmaga giň mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmäge, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ösüşleri çaltlandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga itergi berýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly Nebitgaz toplumynda hem sanly ykdysadyýete geçmek işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Ata Watanymyzda sanly ulgamy durmuşymyza ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylmyň gazananlarynyň giň gerimde durmuşymyza ornaşdyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda döwletimizde sanly ulgama geçmek babatdaky işler giň gerime eýe bolýar. Şol esasda hem sanly tehnologiýalar biziň her birimiziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwürlip,  ýaşaýşymyzyň has-da ýeňilleşmegini üpjün edýär.

Goý ata Watanymyzy özgerişlere besläp, sanly ulgamy ösdürmeklige giň ýollary açýan, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gurbanguly Agoýlyýew,

«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat»

müdirliginiň sanly tehnologiýalar we maglumat

howpsuzlygy boýunça inženeri.