Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Garaşsyzlyk bilen galkynan nebitçiler
21.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler bizi täze zähmet üstünliklerine atarýar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her bir günümiz şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýyna şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk işleri görülýär. Şeýle baýramçylyklara sowgatly barmak maksady bilen “Türkmennebit” DK-ne degişli birnäçe müdirlikler giň göwrümli işleri alyp barýarlar. Şolardan “Türkmennebir” DK-niň „Nebitgazburawlaýyş“ trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligini görkezmek bolar. Müdirligiň işi üznüksiz önümçilik bilen bagly bolup, “Türkmennebit” DK-ne degişli edara-kärhanalaryň meýilnamasynyň çäklerinde häzirki wagtda Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada,  Altyguýy,  Nebitdag, Bugdaýly, Nogaý, Porsy, Nebitlije, Ekerem, Keýmir, Akpatlawuk,  Çekişler ýaly nebitgaz ýataklarynyň guýularynda, müdirligimiziň garamagyndaky Ekerem, Körpeje, Guýjuk, Goturdepe, Barsagelmez guýulary berkidiji sehleri we „Galkynyş“, “Berkarar” ýaly sementleýji toplumlar arkaly işlerini ýerine ýetirýär.

Müdirlikleriň önümçilik meýdanlarynda ugrukdyryjylaryň, konduktorlaryň, aralyk (tehniki), „guýrujak“ we ulanyş sütünleriň sementleme işlerini, guýulary burawlamakda we abatlaýyş işlerinde sement köprüleriniň we nebit wannalarynyň goýulmagyny, goýberilen we sement bilen berkidilen sütünleriniň basyş astynda jebislige synag edilmeginde, gatlak sorulmanyň garşysyna ulanylýan garyndylarynyň gatlaga goýberilmegini, howa kowujy kompressorlary bilen gatlaklary synag etmegi we özleşdirmegi, semendi ýüklemegi we daşamagy, semendiň suwuklygynyň barlag edilmegi babatdaky işleri amala aşyrýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebit-gaz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowana menzillerde rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

“Türkmennebit” DK-niň

Nebitgazburawlaýyş trestiniň

Nebit we gaz guýularyny berkitmek

boýunça müdirliginiň uly proraby,

konserniň zenanlar guramasynyň başlygy

Ogulbibi Şyhyýewa