Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Halkyň bähbidine gönükdirilen tutumly işler
23.09.2024

Baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçjek günümiz barha golaýlaýar. Taryh üçin şeýle gysga wagtyň içinde döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gülläp ösýän we özgerýän ýurda öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Durmuşyň öňe çykarýan derwaýys meselelerini il-ulus, ýaşulular bilen geňeşip çözmek türkmeniň gadymy ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge biziň döwrümizde-de dowam etdirilýär. Ýurdumyzda her bir tutumly işe başlanylmagyndan ozal hökman köpi gören ýaşulular bilen pikir alşylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ata Watanymyzda amala aşyrylýan taryhy başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslemekde we adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde öňde durýan wezipeleri kesgitlär. Bu taryhy ähmiýetli mejlisde, hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler hem-de gazanylan üstünlikler seljeriler we mundan beýläk durmuşa geçirmeli işleriň esasy ugurlary kesgitlener, möhüm çözgütler kabul ediler.

Gahryman Arkadagymyzyň „Döwlet adam üçindir!“ diýen şygarynyň Arkadagly Sedarymyzyň „Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!“ diýen ýörelgesi bilen utgaşmagy ajaýyp zamanamyzda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň işgärleri ýaly, Türkmenistanyň iri önümçilik-hojalyk kärhanasy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmetsöýer nebitçileri-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Onda garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler «gara altyn» ussatlaryny-da täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrar.

B.Hydyrow

«Türkmennebit» DK-niň «Nebitgazburawlaýyş»

trestiniň sanly tehnologiýalar we maglumat

howupsuzluk bölüminiň başlygy.