Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
ASYLLY ÝÖRELGELER DOWAMAT DOWAM BOLÝAR
13.09.2024

Pederlerimiz döwletli işleri amal etmeli bolanda halk köpçüligi bilen maslahat geçiripdir. Halkymyzyň bu ajaýyp dessury häzirki döwürde döwlet derejesinde dabaralanyp, ýurdy ösdürmekde, halkyň agzybirligini berkitmekde, öňde goýlan beýik maksatlary amala aşyrmakda öz mynasyp ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigi şübhesizdir. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meselelerdir kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada  ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, ilimiziň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge birikdirer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat  sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş ylmynyň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşmagy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär. Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, ol türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da ösdürilýär. Döwlet derejesinde halkyň ynamdar wekillerine, esasan hem, ýaşululara tutuş jemgyýetiň öňünde durýan wezipeler barada sala salynmagy, olaryň pikirleriniň, teklipleriniň diňlenilmegi halkyň aňyna düýpli täsir edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty — türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edaradyr. Halk bilen geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion kanunyň kadalary demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygyny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen berkidilendir. Şundan hem görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, täze taryhy eýýamymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek bolup durýar. Köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan şöhratly halkymyz häzirki wagtda synmaz erkinligiň, mizemez jebisligiň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň eşretini görüp ýaşaýar.

Uzak ýyllaryň dowamynda içeri hem daşary syýasatda ýola goýlan asylly ýörelgeler, adam hakyndaky aladalar, adamzat bähbitli tagallalary nazarlaýan ynsanperwer işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygyndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň binýadyny berkden tutdy. Baý tejribeler, ýetilen sepgitler täze döwrüň aýgytly gadamlary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ynamly dowam etdirilýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezýär.

D.Hojatowa,

habarçy.