Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
MUKADDES GARAŞSYZLYGYŇ ALTYN ÝOLY
11.09.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjy, Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il­günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän şanly senedir.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, asudalygy söýýän halkymyzyň täze taryhynda şanly wakalaryň biridir. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde döwlet Garaşsyzlygyny berkarar etmekde parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz Diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy we döwletimiziň halkara abraý-mertebesi has-da artdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, ýüze çykýan döwletara meseleleri parahatçylykly, syýasy diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ol umumadamzat bähbidine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak hem-de pugtalandyrmak, halkara energiýa we ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça öňe sürýän teklipleri dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Bu möhüm başlangyçlaryň ählisi bu gün sebit we dünýä ähmiýetli ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge, durnukly ösüş üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurda öwrüldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň bagtyýarlygydyr we bagtyýar ertire, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr, halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasyndaky ykrar edilmesidir. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleridir. Garaşsyzlygyň giň manysy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has aýdyň ýüze çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden görüjilikli, adalatly syýasaty, türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini däl-de, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde möhüm ähmiýete eýedir.

D.Hojatowa,

habarçy.