Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgazçylar Halk Maslahatynyň mejlisine barýar
04.09.2024

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi bagtyýar ildeşlerimiziň durmuşynda ykbal özgerdiji mejlise öwrüldi. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine-de gün sanap garaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek mejlise ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, ähli pudaklarynda, şol sanda, nebitgaz pudagynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň prezidiumynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän her bir mejlisinden soň pudakda degişli işler berlen tabşyryklara laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatynda Milli Liderimiziň hut özüniň görelde görkezmegi bolsa işleri ep-esli ýeňilleşdirýär we has aýdyňlaşdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň guramaçylyk meselelerine bagyşlap, geçen aýda geçiren mejlisinde hem biziň öňümizde täze wezipeleri goýdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän agzalary şu günler şol wezipelerden ugur alyp işleýärler. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň görkezýän aýdyň ýollary işleriň has netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisinden soň welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň bilelikdäki zähmetiniň täze tapgyryna badalga berilýär. Çünki taryhy mejlislerde kabul edilýän çözgütler bilen watandaşlarymyz ýakyndan gyzyklanýar. Halk Maslahatynyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän agzalary hem zähmetkeşleriň arasynda bolup, olary has içgin düşündirmek, giňden wagyz etmek işlerine işjeň gatnaşýarlar. Geçen ýylda geçirilen taryhy mejlisden soň ýylyň ahyryna çenli onda kabul edilen çözgütleri nebitgazçylaryň arasynda giňden wagyz etmek işleri alnyp barlan bolsa, şu ýylyň başyndan bäri bolsa bagtyýar watandaşlarymyzdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde seredilmäge mynasyp meseleler boýunça teklipler alynmaga başlanyldy. Geçen döwrüň içinde teklipleriň birnäçesi gelip gowuşdy. Olar Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan hem ara alnyp maslahatlaşylyp, iň degerlileri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanyna ýetirildi.

Halk Maslahatynyň mejlisleri, sözüň doly manysynda, bagtyýar watandaşlarymyzyň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan mejlisidir. Biz muňa geçen ýyllardaky taryhy mejlislerde hem şaýat bolduk. Şeýle bolansoň, bagtyýar watandaşlarymyz Halk Maslahatynyň her bir mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şu ýylky mejlisiň hem arzuwlary hasyl ediji, il-günüň bagtyýar ýaşaýşynyň hatyrasyna kabul ediljek çözgütlere baý boljakdygyna ynamymyz uly.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň bosagasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty biziň ýurdumyzda hem, halkara giňişlikde hem belent abraýa eýedir. Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde alyp barýan beýik işlerine bolsa ählimiz şaýat. Gahryman Arkadagymyz hemişe, şol sanda, zähmet rugsadynda bolýan günlerinde hem halkyň hal-ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanyp, olaryň abadan ýaşaýşy barada aladalanýar. Biz muňa ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň iş dolandyryjysy bilen geçiren maslahatynda, bu şypahananyň täze mümkinçilikleri bilen tanyşýan pursatlarynda hem göz ýetirdik.

Biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda ýola goýmakda görkezýän beýik göreldesi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, döwletli Diýarymyzda ösüşleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Maral Gurbanowa,

“Türkmennebit” DK-nyň “Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” žurnalynyň Sanly habarlar bölüminiň başlygy.