Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önümçilik işleri barha ilerleýär
05.09.2024

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, dünýäniň esasy önüm öndüriji ýurtlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ähli ugurlarda gazanylýan özgerişler eziz Diýarymyzyň halkara giňişliginde çalt depginler bilen ösýän ýurtdugyny bütin dünýä aýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde senagat-önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, obalardyr şäherçeler gurulýar. Durmuşa geçirilýän işler bolsa berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň esaslaryny berkidýär. Türkmen halkynyň erk-ygtyýary bilen berkarar bolan Garaşsyz Watanymyzyň syýasy-hukuk, durmuş-ykdysady taýdan pugtalandyrylmagy, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde abraýynyň artmagy, halkyň bagtyýar, bolelin durmuşynyň, ösen ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Nebitgaz toplumynda hem önümçiligi döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak, mineral çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ekologiýa taýdan arassa bäsleşige ukyply önümleri öndürip, dünýä bazarlaryna çykarmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek baş maksat bolup durýar we bu babatda netijeli işler dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir işgärleri hem nebitgaz toplumynda mineral çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek we ekologiýa taýdan arassa bäsleşige ukyply önümleri öndürip, dünýä bazarlaryna çykarmak babatynda öz goşandyny goşýarlar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň gazanýan netijeleri barha ýokarlanýar. Zawodyň düzüminde öndürüjiligi ýylda 6 million tonna deň bolan nebiti ilkinji gaýtadan  işleýän we elektroduzaýryjy desgasy ELOU-AWT-6,  öndürijiligi  bir ýylda 500 müň tonna göni kowlan benzini gaýtadan işleýän we goşmaça gidroarassalaýjy blokly  LÇ 35-11/500 desgasy we ýylda 37200 tonna ýol bitumyny öndürýän desga hereket edýär. Has takygy, zawodyň 2024-nji ýylyň birinji ýarym ýyllyk jemi boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda çig-mal gaýtadan işlemek 101,2% ýerine ýetirildi. Ekologiki taýdan arassa bäsleşige ukyply önümleri öndürmek boýunça bolsa 106,2% ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 133,4% deň boldy. Ýokary oktanly benzinleri öndürmek boýunça 2024-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynyň meýilnamasy 111,9% ýerine ýetirildi we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 133,4% deň boldy.

Yzygiderli we netijeli ýerine ýetirilýän mineral çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek we ekologiýa taýdan arassa bäsleşige ukyply önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtly maýadarlar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň we nebit önümçiligine ornaşdyrylýan innowasion çözgütli tehnologiýalaryň netijesinde, ýurdumyzda çig nebitiň gaýtadan işlemek boýunça möçberini artdyrmaklyk meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we öňdengörüjilikli tabşyrygy bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna, senagat önümçiligine, şol sanda nebit önümçiligine sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Önümçiligi dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça häzirki wagtda, nebit önümçiligine sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ýagny online usulda gözegçilik etmek, maglumatlary elektron görnüşde alyp barmak bilen bir hatarda, önümçilige innowasion çözgütli sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň depgini güýçlendirilýär.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde iň döwrebap şertlerde işleýär. Bu bolsa önümçilik işleriniň maksadalaýyk alnyp barylmagyny üpjün edýär. Döredilip berilýän döwrebap iş şertleri we milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine goşant goşmaga döredilen şertler üçin zawodyň agzybir işgärleri Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar. Şeýle hem olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylajakdyklaryna ynandyrýarlar.

 A.Iskenderow,

«Türkmennebit» DK-nyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň  Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlyk  bölüminiň başlygynyň orunbasary.