Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Eziz Watan ösüşli ýollara rowana!
21.08.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Şol tutumly işleriň jümmüşinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmäge uly üns berýär. Özleri üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde nebitçilerimiz we gazçylarymyz milli ykdysadyýetimizäki galkynyşly gadamlara mynasyp goşant goşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şol taýýarlyk işlerinde nebitçileriň hem mynasyp paýy bar.

Şanly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde birnäçe meseleler öz beýanyny tapar. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde duran işler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da  ýokarlandyrmaga ähmiýeti örän uly bolar.

Halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlen pähim bar. Bu asylly ýörelge peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda has-da rowaçlanýar, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleler baradaky çözgütler halk bilen maslahatlaşylyp kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek taryhy çözgütler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolmak bilen jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde aýgytly ädime öwrüler. Ol Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan beýik işleriň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň uly goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir gezek aýdyň görkezer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine rowaçlyk arzuw etmek bilen, Gahryman Arkadamyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini  arzuw edýäris.

Ogulbibi Şyhyýewa,

“Türkmennebit” DK-niň Nebitgazburawlaýyş trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby