Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Taryhy ähmiýetli mejlis bolar
20.08.2024

Dana ata-babalarymyz durmuşyň islendik meselesini köpçülik bolup ara alyp maslahatlaşypdylar. Bu adamlaryň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-biregiň pikirine sarpa goýmagynyň aýdyň alamatydyr. Terbiýeçilik ähmiýeti juda uly bolan şol asylly ýörelge biziň bagtyýar zamanamyzda-da dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly syýasatyny goldaýan türkmen halky Halk Maslahatynyň mejlislerinde döwlet, il-ýurt ähmiýetli meselelere garaýar. Onuň geçen ýyldaky taryhy mejlisinde döwrüň öňe çykarýan derwaýys meseleleriniň birnäçesine seredildi, şeýle hem, jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylan işler, dünýä bileleşigi bilen alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar, mähriban Watanymyzda ösüşini, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän toplumlaýyn çäreler hem-de öňde durýan möhüm meseler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda gülläp ösüşiň, abadan we bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň derejesine çykarmak baradaky baş maksadymyz amala aşyryldy.

Garaşsyzlygyny gazanmagynyň yzysüre Bitaraplygyny hem yglan eden Türkmenistan dostana gatnaşyklara örän uly ähmiýet berip, dünýä halklary bilen birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerip gelýär. Dünýäniň ýüzünde ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar.

«Gurýan döwlet gurpludyr» diýen pähimi ýörelge edinýän Türkmenistan häzirki wagtda ägirt uly gurluşyk meýdanyny ýadyňa salýar. Mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan gurluşyklar kuwwatly ösüşimizden alamatdyr. Paýtagtymyzdan başlap, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda yzygiderli gurulýan durmuş we medeni maksatly desgalary synlanyňda göwnüň göterilýär, eziz Watanyňa bolan söýgiň, guwanjyň has-da artýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýörelgelerine eýerýän içeri we daşary syýasatymyzy mähriban halkymyzyň goldamagy, berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyna berk ynamy, maksada okgunly işlere ak ýürekden gatnaşmagy bize täze maksatnamalary durmuşa geçirmäge badalga berýär» diýip belleýär. Bu sözler türkmen topragynda buýsandyryjy, guwandyryjy tutumly işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini, Watanymyzyň dünýä derejesinde at-abraýynyň has-da belende göteriljekdigini aňladýar.

Goý, halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt, döwlet ähmiýetli tutumly işleri mundan beýlägem rowaçlyklara beslensin!

Amanmyrat KIÇIGULOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni.