Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bagtymyzyň gözbaşy
19.08.2024

Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, halkymyzyň ykbalynda täze taryhy sahypa açyldy.  Garaşsyzlyk türkmeniň agzybirligini, jebisligini, watansöýüjiligini, hoşniýetli we dostlukly ýörelgelerini dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrdy.  Geçen 33 ýylyň dowamynda biziň güneşli Diýarymyzda asyrlara barabar işler bitirildi.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň hasyl bolan köňül arzuwydyr, galkynan ykbalydyr» diýip belleýär. Türkmenistan syýasy, ykdysady we beýleki ugurlarda dünýäde iň çalt ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Özgertmeler ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda halkyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakdaky mesele döwlet syýasatynda ilkinji orunda durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli işleriň özeninde «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar orun alyp, ol döwletimiziň baş ýörelgesiniň adamlara gulluk etmäge, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aňladýar. Bu ýörelgäniň rowaç alýandygyny bagtyýar durmuşymyz, eýeleýän belent sepgitlerimiz açyk-aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris. Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watan mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip belleýär. Bu günki gün Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasaty, öňe sürülýän başlangyçlar, durmuşa geçirilýän özgertmeler döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň binýadyny pugtalandyryp, onuň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da artdyrýar. Garaşsyz Watanymyzyň häzirki batly gadamlary onuň geljeginiň mundan beýlägem şan-şöhrata beslenjekdiginiň güwäsidir.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlary döwrebap derejede özgerdildi. Bu ýangyç-energetika toplumy hakda aýdylanda-da şeýledir. Ýurdumyzda iri-önümçilik-hojalyk toplumy bolan «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylan geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde  geljegi uly bolan känler özleşdirildi. Täze nebitgaz guýulary gazylyp, önümçilige ornaşdyryldy. Çykarylýan çig malyň mukdaryny artdyrmak boýunça kesgitlenen wezipä abraý bilen hötde gelinmegi üçin işiň ähli ugurlarynda önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnologiýalary we enjamlary giňden ornaşdyrmaga girişildi. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary tarapyndan öndürilen ýörite tehnikalar, guýulary düýpli we ýerasty abatlamak üçin desgalar, buraw enjamlarynyň toplumlary, guýularyň içinde oturdylýan enjamlar alyndy. Şeýle-de, nebitgaz toplumyna giňden çekilen daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Önümçilik ýerlerinde nebitgaz çykarýan desgalar, gaz gysyjy stansiýalar, nebit ýygnalýan nokatlar, daýandyryjy nasos stansiýalary guruldy. Guýularyň ençemesi nebit çykarmagyň häzirki zaman usullaryna geçirildi.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň işgärleri ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «gara altyn» we «mawy ýangyç» ussatlary-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak üçin gowşamaýan depginde zahmet çekýärler.

Amanmyrat KIÇIGULOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni.