Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Arzuw" çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi

Çagalar sagaldyş merkeziniň işi 6 (alty) tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrda 600 çaga kabul edilýär. Çagalar ýatyp dynç alar ýaly 600 (alty ýüz) orunlyk 8 (sekiz) sany bina bar. Her bina 8 (sekiz) otagdan ybarat bolup, 1 (bir) otag terbiýeçilere we 72 çaga niýetlenendir. Her binada çagalar dynç alar ýaly otag bar. Merkezde 1 sany saglyk otagy, 1 sany izolýator, 1 sany lukman otagy bar. Saglyk öýunde 1 (bir) sany lukman, 4 sany şepagat uýasy, 1 (bir) sany “Tiz kömek” ulagy (özüniň topary bilen) hyzmat edýär.

Saglygy dikeldiş bölümi 1 sany defibrillýator we ilkinji kömegi bermek üçin 100% derman serişdeleri bilen üpjün edilendir.

Merkezde futbol, woleýbol, basketbol, tenis üçin niýetlenilen 4 (dört) sany sport bölümi, çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry öwretmek üçin ýol yşykly (swetoforly) meýdança, sport enjamlary bilen doly üpjün edilen 1 sany içki sport zaly, tälimçi otagy, 2 sany eşik çalşyrylýan otagy, oýnamaga niýetlenen meýdança we 600 orunlyk amfiteatry bar.  Çagalaryň açyk howada dynç almaklary üçin oturgyçly meýdança bar. 

Merkezde 1 sany kitaphana bolup, onda 550 sany kitap bar. Kanselýariýa enjamlarynyň dürli görnüşleri bar. 2 sany kompýuter otagy bolup, olarda jemi 14 sany kompýuter, şol sanda 3 sany oýun oýnalýan kompýuter bar.

Merkezde 1 sany ýol hereket düzgünleri öwredilýän meýdança ýerleşýär.

Merkezde doly enjamlaşdyrylan 600 orunlyk aşhana hereket edýär, ol dynç alýanlary 6 (alty) wagtyna iýmit bilen üpjün edýär.

Çagalar sagaldyş merkezinde çagalar birmeňzeş sport eşikleri we saglygy dikeldiş merkeziniň ýörite lybasy bilen üpjün edilýär.

 

HH “Durmuşhyzmat” müdirliginiň Sagaldyş-keselleriň öňüni alyş gullugy ("Arzuw" myhmanhanasy)

745005, Türkmenbaşy şäheri,  "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy

Tel: (+993243) 5-76-20; 5-76-22;                                        

Faks: 5-76-20; 5-76-22;                                                      

e-mail: arzuw_otel@sanly.tm