Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýokary derejeli "Gämi" myhmanhanalar toplumy we sagaldyş merkezi

350 orunlyk Ýokary derejeli “Gämi”myhmanhanasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Arkadag şaýolunda ýerleşýär. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän hyzmatyň ýokary derejesi myhmanhananyň esasy aýratynlygydyr. Her ýylda Hazaryň kenaryna dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýär. Şu ýerde, dynç almak üçin şol sanda maşgala bolup wagtyňyz peýdaly geçirmek üçin döredilen amatly şertler, ýokary hilli hyzmat we gyzykly pursatlar bu ýerde diňe bir tomus paslynda däl eýsem, ýylyň tutuş dowamynda dynç almak, saglygyňy berkitmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär. 

Myhmanhananyň birinji gatynda iki restoran bolup, olaryň biri 1-nji gatda ýerleşýän 350 orunlyk  we VIP 40 orunlyk. 2-nji gatynda bolsa “Fortuna” restorany ýerleşýär. Olarda milli we daşary ýurt aşhanalaryň dürli tagamlary dynç alýanlara hödürlener. 

Şunuň bilen birlikde, myhmanhana toplumynda dürli derejedäki çareleri we forumlary geçirmek üçin zerur şertler göz öňünde  tutuldy.  Munuň üçin binanyň ikinji gatynda 85 we 75 orunlyk maslahat zallary, şeýle hem 34 orunlyk VIP zaly bar. Olar häzirki zaman degişli enjamlar, şol sanda audio we wideo enjamlary bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, bu ýerde 20 orunlyk internet kafe bar. Onuň 3-nji gatyndan 13-nji gatyna çenli aralykda birmeňzeş iki orunlyk otaglaryň 120-si bar.  Delux  ýokary derejeli dört orunlyk otaglaryň 10-sy, Vip Lux derejesindäki dört orunlyk otaglaryň 18-si bar. Otaglaryň her biri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. 

Myhmanhananyň 120 sany 2 orunlyk (standart) otaglarynda dynç almak üçin mümkinçilikler döredilendir. Otaglarda telefon, telewizor, mini-bar, internet (WI-FI)  ulgamy birikdirilendir. Otaglaryň Arkadag şaýolyna we deňiz kenaryna seretýän görnüşleri bardyr.

Myhmanhananyň 10 sany 4 orunlyk (De lux) otaglarynda dynç almak üçin mümkinçilikler döredilendir. 2 sany otaglardan ybarat bolup, iki sany ýatylýan otag lardan we myhman otagyndan, şeýle hem wanna, djakuzi otagyndan ybaratdyr. Otaglarda telefon, telewizor, mini-bar, internet (WI-FI)  ulgamy birikdirilendir. Otaglaryň deňiz kenaryna seredýän görnüşleri bardyr. 

Myhmanhananyň 18 sany 4 runlyk (Vip lux) otaglarynda dynç almak üçin mümkinçilikler döredilendir. 2 sany otaglardan ybarat bolup, iki sany ýatylýan otaglardan, myhman otagyndan we  wanna otagyndan ybaratdyr. Otaglarda telefon, telewizor, mini-bar, internet (WI-FI)  ulgamy birikdirilendir. Otaglaryň deňiz kenaryna seredýän görnüşleri bardyr. 

Myhmanhananyň dynç alyş düzüminde 85 orunlyk 3D kino zaly, 100 orunlyk tans edilýän meýdançasy, karaoke – bary, bouling, bilýard otaglary, oýun awtomatlary hereket edýär. Mundan başga-da türgenleşik zaly, ýüzüş howuzlary, sauna, türk hammam, düz otagy, owkalama otaglary myhmanhananyň hyzmatynda bar. 

Ýokary derjeli "Gämi" myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkezi

745005, Türkmenbaşy şäheri, "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy.

Tel: (+993243) 5-79-49;

Faks: 5-79-69;                                              

e-mail: gamihotels@turkmennebit.gov. tm