Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
“Seýdi” myhmanhanalar toplumy

Gözel ülkämiziň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Seýdi” myhmanhanalar toplumy ýurdumyzyň raýatlary we daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar üçin ýylyň ähli pasly gije-gündiz hyzmat edýär. Müşderiler dürli maksatlar bilen: iş sapary, söwda bilen baglanyşykly işewürlik, dynç alyş-sagaldyş, ýakyn garyndaş hossarlary bilen görüşmek we şuňa meňzeş sebäpler bilen myhmanhana gelýärler. Munuň üçin “Seýdi” myhmanhanalar toplumynda elýeter bahalardan otaglar, rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Gije-gündiz administratorlar gelen myhmanlary ýerleşdirmek we gerekli maglumatlar bilen üpjün etmek üçin zähmet çekýärler. Uzak aralykdan habarlaşmak üçin hem myhmanhananyň telefon belgisi hemişe işjeň ýagdaýda durandygyny nygtap geçmek bolýar. Myhmanhanalar toplumynyň düzümi Seýdi şäheriniň “Ýaşlyk” kiçi etrapçasynyň merkezinde ýerleşen bir sany 40 orunlyk 4 gatly myhmanhanasyndan,    1-nji kiçi etrapçasynda ýerleşen bir sany 1 gatly we bir sany 2 gatly kotež myhanhanalaryndan ybaratdyr. 4 gatly myhmanhanada elýeter bahalardan 1 we 2 adamlyk komfort nomerleri, 1 adamlyk lýuks nomerleri göz öňünde tutulandyr. Şäheriň 1-nji kiçi etrapçasynda ýerleşen kotež myhmanhanalarynda müşderileriň doly derejede dynç almak üçin şertler bar. Geçen 2022-nji ýylyň hasabatyna ser salsak, toplum boýunça 750 sanydan gowrak raýatlara otaglary bermek bilen hyzmat edildi. Mundan başga-da myhmanhananyň dürli maksatlaýyn gelýän hemişelik müşderiler bazasynyň bardygy barada belläp geçmek hem ýerlikli bolup durýar. Bu hem öz gezeginde myhmanhananyň köptaraplaýyn meşhurlykdan peýdalanýandygynyň görkezmesidir. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Seýdi” myhmanhanalar toplumynyň gapylary ählimiz üçin hemişe açyk!

Seýdi myhmanhanasy

   t/b  

     Otaglarynyň görnüşleri   

     Bahasy   

 1

2 orunlyk otagda 1 orun

 25 man

 2

1 orunlyk otag

 39 man

 3

Lýuks otagy

88 man


 

 

 
 
 
Seýdi myhmanhanasynyň kotežler toplumy

   t/b  

     Otaglaryň görnüşleri       

     Bahasy   

 1

1 orunlyk otag

129 man

 2

3 orunlyk otagda-1 orun

87 man