Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
CNPC hytaý kompaniýasy Pariždäki maýa goýum forumyna gatnaşar
02.04.2024

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça foruma gatnaşar diýlip, guramaçylar habar berýär. 

Bellenilişi ýaly, korporasiýa Merkezi Aziýada mümkinçilikleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berýär we Türkmenistanyň çägindäki nebitgaz taslamalaryna işjeň gatnaşýar. Hususan-da, gürrüň Türkmenistanyň nebitgaz känlerini netijeli peýdalanmak hakynda barýar.

CNPC işinde howpsuzlygy we ekologiýa taýdan arassalygy esasy orunda goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hytaýyň bu korporasiýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şu maksat bilen zerur bolan guramaçylyk-hukuk platformasy döredildi. Netijede kompaniýasy ýurdumyzyň çäginde taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde CNPC 2024-2025-nji ýyllarda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça taslamany işe girizer. Şunuň bilen baglylykda, türkmen talyplarynyň bir topary Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa iberiler.