Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň wekilleri “Merkezi Aziýa+ABŞ” kritiki minerallar boýunça Dialoga gatnaşdy
13.02.2024

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň, "Türkmengaz", "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Waşington şäherinde "Merkezi Aziýa+ABŞ" görnüşinde kritiki minerallar boýunça ilkinji dialoga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda geçen ýylyň sentýabr aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet Baştutanlary tarapyndan başlanan dialogda öňe sürlen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tejribe alyşmak we ýokary tehnologiýalar, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýokary hilli ulanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýett we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Jon Mark Pommershaým, şeýle hem mineral meselelerine gözegçilik edýän ABŞ-nyň administrasiýasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Gepleşiklerde sebit ýurtlarynyň energiýa hyzmatdaşlygy durmuşa geçirilende açylýan maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýändikleri bellendi.