Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
COP-28 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder
27.11.2023

30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder.

R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Garaşylyşy ýaly, “СOP-28” maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň biri hökmünde Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler.

Häzirki wagtda borçnama dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, “COP-28” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi.

Şunuň bilen birlikde, borçnamanyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek teklip edilýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “COP-28” maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň maslahatyň çäklerinde — 10-njy dekabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip beýan edildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji maslahatynda kabul ediljek resminamalaryň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gatnaşýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.