Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Nökerguly Atagulyýew gözegçilik edýän ugurlarynda, şol sanda söwda, dokma senagaty, önümçilik we telekeçilik ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 113,2 göterime ýetdi. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda önümçilik görkezijileriniň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,4 göterime barabar boldy. Şol sanda nah ýüplügiň önümçiligi 102,3 göterime, nah matalaryň önümçiligi 100,9 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 102,6 göterime, gön önümleriniň önümçiligi bolsa 100,5 göterime ýetdi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda umumy girdejiniň ösüş depgini 107,6 göterim boldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýanwar — sentýabr aýlarynda 222 birža söwdasy geçirilip, olaryň netijeleri boýunça 23 müň 460 şertnama hasaba alyndy.
Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy. Bu döwürde 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4 göterime, senagat önümleriniň önümçiligi boýunça bolsa 109,2 göterime ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmagyň, içerki bazarlaryň we söwda nokatlarynyň azyk hem-de beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek barada degişli tabşyryklary berdi.







