Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagy wajypdygyny belledi
25.11.2023

24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu edaralar tarapyndan ýörite meýilnamalara laýyklykda, geljegi uly, ylmy taýdan esaslandyrylan geologik ugurlary kesgitlemek, ýataklaryň gözleginiň we agtarylyşynyň ylmy-amaly esaslandyrmasyny taýýarlamak, geologiýa-gözleg işleriniň çaltlandyrylan derňewini, olara geologik-ykdysady taýdan baha bermek, buraw tehnikasyny we tehnologiýasyny kämilleşdirmek işleri geçirilýär. Ylmy barlaglaryň netijeleri esasynda teklipler taýýarlanylýar. Soňra şol teklipler ýangyç-energetika toplumynyň ugurdaş düzümlerinde iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Ählumumy metan borçnamasynyň şertleriniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şeýle hem metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak, şol sanda ony energetika, senagat we ulag ulgamlarynda döwrebap, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna azaltmak maksady bilen teklip edilýän anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hereket edýän ylmy-barlag institutlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, olarda ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz döwlet konsernleriniň işinde ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň maslahatlaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi