Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-türgenleri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda toparlaýyn baýrakly üçünji orna mynasyp boldular. Ýaryş 16–18-nji noýabr aralygynda «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XVI uniwersiadanyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti habar berýär.
Habar berlişine görä, 125 kg agram derejesinde Süleýman Musagulyýew altyn medal gazandy. 2-nji orna Eziz Çarygulyýew (74 kg), Ali Esenow (86 kg) we Orazmuhammet Hojalyýew (92 kg) mynasyp boldular.
3-nji orny Kemal Ataýew (57 kg), Begenç Begenjow (70 kg), Didar Annaýew bilen Parahat Ataýew (ikisi hem 79 kg), şeýle hem Serdar Poladow (86 kg) eýelediler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şeýle hem her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň sakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan saglygy, uzak ömri arzuw edilip, olaryň ähli tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegi dilendi.







