GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen dizel ýangyjynyň eksporty: 18-nji noýabrdaky birža söwdalarynyň netijeleri
19.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda jemi 11 342 250 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Daşarky bazarda Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.