GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň telekeçileri biržada «Türkmennebit» döwlet konserninden polipropilen satyn aldylar
17.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16-njy noýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen geleşikler baglaşyldy. Bu geleşikleriň esasynda bejeriş-naharhana gazlandyrylan mineral «Berzeňňi» suwy we witaminleşdirilen alkogolsyz gazlandyrylan «Witamin» içgisi satyn alyndy.

Söwdalaryň dowamynda jemi 11 114 795,75 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.