Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlagynda Hasyl toýunyň sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekedini, zähmetsöýer daýhanlaryň halal zähmetini we halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan ekerançylyk däplerini dabaralandyrýan milli baýramdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen topragy Änew, Jeýtun, Marguş ýaly gadymy medeniýetleriň mirasy bilen dünýä ekerançylyk taryhynda möhüm orun eýeläp, müňýyllyklaryň dowamynda öz hasyllylygy bilen tanalýar.
Gutlagda häzirki döwürde oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary hem-de takyk ekerançylyk usullaryny giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna ýokary baha berilýär. Şeýle hem suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, ylmy esasdaky ekin dolanyşygy we oba hojalyk önümçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň durnukly ösüşiniň möhüm şertleri hökmünde görkezilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oba hojalyk ylmyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini aýratyn nygtap, däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk boýunça ylmy-barlag işleriniň giňeldilýändigini, seçgiçilik we tohumçylyk ulgamynyň kämilleşdirilýändigini belledi. Şol sanda Türkmenistanda döredilen «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» atly täze güýzlük bugdaý sortlarynyň milli oba hojalyk ylmynyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýanydygyny aýtdy.
Gutlag hatynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen pähimiň çuňňur many-mazmuna eýedigi bellenilip, oba hojalyk önümçiliginiň azyk howpsuzlygyny berkitmekde, ykdysady kuwwaty pugtalandyrmakda hem-de ilaty ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem bugdaý we pagta bilen birlikde gök-bakja önümleriniň, miweleriň, gant şugundyrynyň, şalynyň, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagyna gönükdirilen işleriň netijelidigi aýratyn bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek we oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.







