GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Wodorod energetikasy, sanlylaşdyrmak we emeli aň – türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary
06.11.2026

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Tokioda Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Parlament boýunça orunbasary hanym A. Ikuna bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Syýasy gepleşikleriň ösdürilmegine, şol sanda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen 2025-nji ýylyň dekabrynda Tokioda geçiren duşuşygyna, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň 2026-njy ýylyň awgustynda Türkmenistana eden saparyna aýratyn üns berildi. Gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň we söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ylym, tehnologiýa hem-de ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Taraplar wodorod energetikasy, emeli aň, sanlylaşdyrma we aýlawly ykdysadyýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada hem gepleşik geçirdiler. Parlamentara, medeni we bilim gatnaşyklaryny hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijesinde taraplar özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we netijeli dialogy dowam etdirmekde özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.