GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan bilen ABŞ söwda, energetika we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdy
04.11.2026

3-nji noýabrda Aşgabatda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna seredildi. Özara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini mazmunly ara alyp maslahatlaşmaga hem-de gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge şert döredýän yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem bilim we ylym ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, medeni-ynsanperwer alyşmalary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde taraplar «Merkezi Aziýa – ABŞ» («C5+1») formatyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem halkara ýagdaýynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirip, syýasy dialogy yzygiderli ösdürmegiň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.