3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Türkmenistaanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe söz berildi.
Ol şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň barşy, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew ýakynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, döwletiň milli howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi







