Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň energetika ulgamyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň netijeleri jemlenip, gaz pudagynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri kesgitlenildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki tapgyrlarynda önümçilik kuwwatlaryny giňeltmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işleriň dowam etdiriljekdigini bellediler.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça amala aşyrylýan taslamalar bolup durýar. Şolaryň hatarynda «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän IV tapgyr aýratyn ähmiýete eýedir. Taslamanyň çäklerinde önümçilik guýularynyň burawlanmagy hem-de ýyllyk kuwwaty 10 milliard kub metr bolan gaz gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyryna 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda badalga berildi. Bu möhüm waka Türkmenistanyň halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda geçirildi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň gaz önümçiliginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, täze tehnologiýalary çekmäge hem-de pudakda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmaga ýardam eder.
Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy türkmen tebigy gazynyň esasy sarp edijileriniň biri bolup durýar. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilmeginden bäri, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna çenli bu ugur boýunça iberilen tebigy gazyň umumy möçberi 477 milliard kub metrden geçdi.
OGT 2026-nyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de CNPC-niň wekilleri özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Taraplar gaz önümçiliginiň we daşama mümkinçilikleriniň ösdürilmegi bilen birlikde, önümçilik işlerini sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak hem-de ekologiýa taýdan jogapkärçilikli çözgütleri durmuşa geçirmek ýaly ugurlaryň geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm bölekleri boljakdygyny bellediler.







