GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža habarlary: «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleriniň eksporty
17.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16-njy oktýabrda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 046 250 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.