GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda talyplara ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy düşündirilýär
16.10.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde tegelek stol duşuşygy geçirildi. Çäre “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, onuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, talyplarda watansöýüjilik, ruhy-ahlak we milli gymmatlyklara hormat goýmak duýgularyny kämilleşdirmek maksady bilen guraldy.

Tegelek stol duşuşygy Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Meýilnama hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Döwlet maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi taryhy ähmiýete eýedir.

Çykyş edenler ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Bilimli nesli terbiýelemekde, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmakda «Bilim hakynda» hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.