GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni täze lukmançylyk edaralarynyň açylmagy bilen giňden bellenildi
12.10.2026

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň öňündäki meýdançada ýygnananlary mähirli mübärekläp, dabara gatnaşyjylary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.

Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek barada zerur işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm resminamalaryň biridigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geljekde hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns beriljekdigini, döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ynsan saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr. Adamyň saglygyny goramak bolsa biziň baş maksadymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de dabara gatnaşyjylary we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy, şonuň ýaly-da, täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Aşgabatda ulanmaga berlen 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi howply we howply däl täze döremeleriň öňüni almak, irki döwründe anyklamak, olaryň öňüni almak hem-de ýöriteleşdirilen döwrebap bejergini geçirmek üçin iň täze lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş toplumydyr. Merkeziň düzüminde gaýragoýulmasyz kabul ediş, maslahat beriş, şöhle we funksional anyklaýyş-radionuklid bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, operasiýa bölümleri bilen bir hatarda, dermatologiýa, neýrohirurgiýa, kelle we boýun, çagalar onkologiýasy hem-de onkogematologiýasy, mammologiýa, ginekologiýa, urologiýa, koloproktologiýa, torakal-hirurgiýa, abdominal, ortopediýa, himiýa bejeriş we süňk ýiliginiň transplantasiýasy ýaly 20-den gowrak ýöriteleşdirilen ylmy-kliniki bölümler we barlaghanalar hereket edýär.

Merkezde hirurgik, şöhle, himiýa, nyşana gönükdirilen (target) we immun bejergileri halkara standartlara hem-de multidissiplinar lukmanlar toparynyň (Tumor board) maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar öýjük derejesindäki madda çalşygyny bahalandyrmaga, täze döremeleri millimetr takyklygynda irki döwründe ýüze çykarmaga we metastazlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bejergiler az inwaziw, endoskopik we mikrohirurgik usullarda, şeýle hem şöhle arkaly we brahiterapiýa usulynda geçirilýär. Merkezde ornaşdyrylan 5G ýokary tizlikli internet dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge şert döredýär.

Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen süňk ýiliginiň transplantasiýasy ylmy-kliniki bölümi uly ýaşly näsaglar we çagalar üçin gemopoetik sütün öýjükleriniň transplantasiýasyny halkara standartlara laýyklykda geçirmek üçin döwrebap şertler bilen üpjün edilendir. Bölümde ýiti we dowamly leýkozlar, limfomalar, köp sanly miýeloma, aplastiki anemiýa, miýelodisplastik sindromy, talassemiýa, agyr immun ýetmezçilikleri we beýleki gematologik hem-de degişli onkologik keseller boýunça bejergiler geçirilýär. Bölümde autologik we allogen sütün öýjükleriniň transplantasiýasy, donorlary saýlamak hem-de taýýarlamak, sütün öýjüklerini ýygnamak we saklamak, transplantasiýadan öňki taýýarlyk hem-de soňky gözegçilik, şeýle-de dikeldiş işleri alnyp barylýar.

Palliatiw kömek bölümi hem ýurdumyzda ilkinji gezek döredildi. Bu ýerde keseliň ötüşen görnüşleri anyklanan hassalara agyryny dolandyrmak, palliatiw himiýa-immuno bejergileri geçirmek, reanimasion we psihologik goldaw bermek hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem merkezde Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen himiýa derman serişdelerini taýýarlaýyş bölümi hem-de radiofarmasewtika önümçilik bölümi hereket eder. Bu bolsa derman serişdelerini göni merkeziň özünde öndürmäge we hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbine ajaýyp bezeg berýän 80 orunlyk täze Stomatologiýa merkezi döwrebap lukmançylyk enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr we ýokary hünärli stomatologik, äň-ýüz, anyklaýyş hem-de hirurgik kömegi bermek üçin niýetlenendir. Merkeziň düzüminde ýatymlaýyn kliniki we gatnawly stomatologiýa bölümleri, şol sanda äň-ýüz rekonstruktiw hirurgik, çagalar hirurgiýasy, implantologiýa, ortopediýa, ortodontiýa, endodontiýa, terapewtik stomatologiýasy ýaly köp sanly ýöriteleşdirilen bölümler hereket edýär. Hassalara diňe bir stomatologlar däl, eýsem, otorinolaringolog, oftalmolog, newrolog, kardiolog we pediatr ýaly ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenler hem lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler.

Bölümlerde ornaşdyrylan «akylly» hem-de emeli aň tehnologiýalary uly we kiçi ýaşly näsaglarda az tygly, çylşyrymly mikro hem-de makrohirurgik amallary, diş hatarlaryny sazlamagy, protez-implant işlerini ýokary takyklykda geçirmäge şert döredýär. Şeýle hem merkezde gije-gündiziň dowamynda ilata hyzmat edýän gaýragoýulmasyz kömek zaly, şok otagy (shock-room), maslahat beriş, şöhle we funksional anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana hem-de fizioterapiýa bölümleri ýerleşdirilipdir. Anyklaýyş otaglarynda tüýkülik mäzleriniň kesellerini az inwaziw usulda bejermek, ýüz we üç şahaly nerwleriň fiziologik ýagdaýyny, çeýneýiş we mimiki myşsalaryň funksional işjeňligini hem-de dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň görkezijilerini seljermek arkaly agyr patologiýalary irki döwürde ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilipdir.

Merkeziň operasiýa otaglarynda sebitde ilkinji bolup robotlaşdyrylan kompýuter tomografiýasy we awtomatlaşdyrylan nawigasiýa ulgamlary ornaşdyryldy. Emeli aň esasynda işleýän bu enjamlar operatiw bejergi wagtynda diňe gerek bolan bölege az mukdarda şöhlelenme gönükdirip, dokumalardaky damarlaryň we nerwleriň topografik ýerleşişini 3D görnüşde görkezýär. Şeýle hem neýrohirurgik mikroskoplar arkaly iň kämil amallar howpsuz hem-de ýokary takyklykda ýerine ýetirilýär.

Bejeriş otaglaryndaky ultrases we 3D skanerli ulgamlar uly göwrümli maglumatlary gysga wagtda seljerip, implantlaryň takyk ýerleşişini kesgitleýär. Bu ulgamlar 45 sany diş tehnigine niýetlenen sanly laboratoriýanyň kompýuter goldawly taslama we önümçilik toplumlary (CAD/CAM) bilen bitewi torda işläp, sirkoni we kämil keramika materiallaryndan emeli saýwanlary, winirleri hem-de çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, endodontiýa bölüminde ilkinji gezek ornaşdyrylan, foto we wideo ýazgy mümkinçilikli sanly stomatologik mikroskoplar bejerginiň ýagdaýy baradaky maglumatlary hassanyň elektron kartasyna goşmaga we diş kökleriniň ýagdaýyna takyk baha bermäge şert döredýär. Barlaghana we fizioterapiýa bölümlerinde bolsa kariýes hem-de parodont howpuny öňünden kesgitleýän, patogenleri awtomatlaşdyrylan usulda seljerýän hem-de amallardan soňky dikeldiş döwrüni çaltlandyrýan, agyryny aýyrýan lazer, magnit, elektrobejergi we owkalama enjamlary ornaşdyrylypdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly il ýaşulusy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Halkara pediatriýa merkezi çagalar lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilip, täze innowasion usullaryň esasynda gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde pediatriýa ugry boýunça keseli kesgitlemekde, onuň öňüni almakda we bejermekde netijeli saglygy goraýyş kömegini guramaga ýardam berer.

Soňra ýaş nesliň wekilleri hormatly Prezidentimizden Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler.

Soňra Halkara pediatriýa merkezi bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi 3 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri bejermek üçin niýetlenendir. Merkeziň esasy maksady häzirki zaman lukmançylygynyň öňdebaryjy tehnologiýalary we her bir çaga aýratyn çemeleşmäni utgaşdyrmak arkaly çagalaryň saglygyny goramakdan hem-de berkitmekden ybaratdyr. Merkeziň işiniň esasy ugurlary çagalarda döreýän dürli keselleriň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen anyklamaga, döwrebap we netijeli bejergini üpjün etmäge, lukmançylyk taýdan dikeldiş çärelerini geçirmäge hem-de çagalar we olaryň ene-atalary üçin amatly gurşawy döretmäge gönükdirilendir.

Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryndan peýdalanylar. Olaryň aglabasy Türkmenistanda ilkinji gezek ornaşdyrylandyr. Bu enjamlar keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullaryny giňden ulanmaga, lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga we çagalaryň saglygy bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine mümkinçilik berer.

Halkara pediatriýa merkeziniň düzüminde radiologiýa, funksional anyklaýyş, endoskopiýa, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi, kliniki-biohimiki barlaghana hem-de fizioterapiýa bölümlerini öz içine alýan maslahat beriş-anyklaýyş bölümi, 5 sany döwrebap operasiýa otagyndan ybarat operasiýa we sterilizasiýa bölümi hem-de anesteziologiýa we intensiw terapiýa bölümi hereket eder. Mundan başga-da, merkezde her haýsy 20 orunlyk bolan ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş, hirurgiýa, urologiýa, ortopediýa, kardiorewmatologiýa, umumy endokrinologiýa, pulmonologiýa we allergologiýa hem-de newrologiýa we epileptologiýa ýaly ýatymlaýyn bejergi we anyklaýyş bölümleri bar. Şeýle hem merkezde uly maslahat zaly we naharhana göz öňünde tutulypdyr.

Merkeziň giň we ýagty zallary ertekileriň gahrymanlarynyň hem-de mähirli haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen. Şeýle hem bu ýerde ilkinji ädimlerinden başlap, çagalaryň özlerini rahat we ynamly duýmagy üçin ýyly hem-de hoşniýetli gurşaw döredilendir. Ene-atalar lukmanyň kabul etmegine garaşýan wagty çagalar ýörite garaşylýan otaglarda ýerleşdirilen oýun meýdançalaryndan, oýunjaklardan peýdalanyp, wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler. Şeýle gurşaw çagalaryň tolgunmasyny azaltmaga we lukmançylyk merkezinde bolýan wagtyny has ýakymly geçirmäge ýardam eder.

Soňra Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow çykyş edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezlerini açyp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Myratberdi Gaýypow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanýandygyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleriniň, bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, halkara derejeli hassahanalaryň, sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň we şypahanalaryň halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimizden «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan ajaýyp haly sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine, Stomatologiýa merkezine hem-de Halkara pediatriýa merkezine awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezleri ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

* * *

Şol gün Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezlerine halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Hususan-da, Stomatologiýa merkezine Agyz boşlugynyň saglygyny goramakda gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama; «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy; «Döwrebap stomatologiýada naýbaşylyk» şahadatnamasy gowşuryldy. Halkara pediatriýa merkezine gowşurylan şahadatnamalaryň hatarynda bolsa Pediatriýada gazanan ajaýyp üstünlikleri, innowasion çemeleşmeleri, şeýle hem çagalara lukmançylyk kömegini bermekde naýbaşylyga bolan aýratyn ygrarlylygy üçin şahadatnama; «German Design Award Winner 2026» binagärlik baýragynyň şahadatnamasy hem-de «Ýokary hil we naýbaşylyk» şahadatnamasy bar.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi