«PETRONAS» kompaniýasy Türkmenistandaky işiniň indiki tapgyrynda sanly transformasiýa, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de zyňyndylary azaltmak boýunça çözgütleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berjekdigini mälim etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Kompaniýanyň bäş ýyllyk tehnologiýa ýol kartasynda önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak, uzak aralykdan gözegçilik etmek, maglumatlary dolandyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle ugurlar hereket edýän aktiwleriň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň halkara bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny hem berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hem metan zyňyndylaryny azaltmak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurtda häzirki zaman monitoring ulgamlary ornaşdyrylýar, gaz geçirijilerde we önümçilik desgalarynda döwrebap tehnologiýalar ulanylýar, metan syzyşlaryny ýüze çykarmak we aradan aýyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şeýle çäreler energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga hem-de pudagyň halkara ekologik talaplara laýyklygyny berkitmäge gönükdirilendir. Soňky döwürde halkara guramalar hem Türkmenistanda iri metan syzyşlaryny aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işleri oňyn bahalandyrýarlar.
Metan zyňyndylaryny azaltmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, energetikada ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de pes uglerodly ösüşe geçiş meseleleri 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň esasy mowzuklarynyň biri bolar. Çärede bu ugurda halkara tejribe, öňdebaryjy tehnologiýalar, maýa goýum mümkinçilikleri we döwlet hem-de iri energetika kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşylar.







