GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Daşary ýurtly işewürler Türkmenistanyň önümlerine birža söwdalarynda uly gyzyklanma bildirdiler
12.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça umumy bahasy 27 363 200,00 manada we 145 011 050,78 ABŞ dollaryna deň bolan 13 sany geleşik baglaşyldy. Hepdäniň dowamynda içerki we daşarky bazarlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri köpsanly iri geleşikleri baglaşdylar.

İçerki bazarda türkmen telekeçileri Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini we ýarympanama çig nah matasyny, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden bolsa aýna bankalaryny satyn almak boýunça degişli geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýe Respublikasynyň, Singapuryň we Azerbaýjan Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Söwdalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar «Türkmengaz» döwlet konserninden tokgalaýyn tehniki kükürti, şeýle hem ýerli işewürlerden pagta süýümini, nah ýüplügini, arassalanan nah galyndylaryny we arassalanan boýalan hem-de basylan nah saten stripe penýe matasyny satyn aldylar.