GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Awaza - möhüm we ähmiýetli işewürlik meýdança» atly söhbetdeşligi taýýarladylar
09.10.2026

8-nji oktýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Awaza - möhüm we ähmiýetli işewürlik meýdança» atly söhbetdeşligi taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda täze we has işjeň tapgyra gadam basdy. Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7-9-njy oktýabrynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy şeýle hem Hazar ekologiýa Sammiti diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem global geosyýasy we geoykdysady giňişlikde hem aýratyn strategik ähmiýete eýedir.

Bu ýokary derejedäki çäreler sebitara hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmak, Ýewraziýa ulag-energetika geçelgelerini ösdürmek we Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny saklamakda bilelikdäki çözgütleri kabul etmek üçin uly meýdançadyr.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Baku halkara deňiz portunyň arasyndaky ýük dolanyşygy artdyrylýar. Hytaý–Merkezi Aziýa–Kawkaz–Ýewropa ugrunda iň gysga we bäsleşige ukyply logistika zynjyry döreýär. Sebitde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini (gün we ýel energiýasy) ösdürmek, elektrik torlaryny birleşdirmek arkaly Ýewropa ugry boýunça «ýaşyl energiýany» eksport etmegiň gelejegi barada pikir alyşyldy. Hazar deňziniň suw derejesiniň çekilmegi we howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan ekologik töwekgelçilikleri ylmy taýdan öwrenmek we bilelikdäki gyssagly çäreleriň meýilnamasyny işläp düzmeklik barada tagallalar birleşdirildi.