Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) XRG kompaniýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň göwher hyzmatdaşy bolar. Maslahat we sergi 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriler.
«XRG» kompaniýasy eýýäm Türkmenistanyň deňiz ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşýar: 2025-nji ýylyň maýynda kompaniýa Hazar deňziniň türkmen bölegindäki I deňiz blogunda 38 göterim paý edindi.
«XRG» kompaniýasy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan önümi paýlaşmak hakyndaky täze ylalaşygyň çäklerinde «PETRONAS» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasy bilen hyzmatdaşlyga goşuldy. Malaýziýanyň nebitgaz kompaniýasy «PETRONAS» 57 göterim paýa eýe bolup, taslamanyň operatory hökmünde işini dowam etdirýär, «Hazarnebit» döwlet kärhanasyna bolsa 5 göterim paý degişlidir. Bu taslama «XRG» kompaniýasyna möçberi 7 trillion kub futdan gowrak bolan tebigy gaz serişdelerini özleşdirmäge gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, «XRG» we «PETRONAS» kompaniýalary «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gazy satmak hakynda uzak möhletleýin ylalaşyk baglaşdylar.
«XRG» kompaniýasy Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOC) tarapyndan 2024-nji ýylyň noýabrynda umumy gymmaty 80 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan halkara energetika maýa goýum kompaniýasy hökmünde döredildi. Häzirki wagtda onuň gymmaty 150 milliard ABŞ dollaryndan geçýär. Kompaniýanyň işi halkara gaz taslamalaryny, himiýa senagatyny we energetika çözgütlerini öz içine alýar. XRG gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz ugurlarynda dünýäniň iň iri bäş toplumlaýyn kompaniýasynyň hataryna girmegi hem-de 2035-nji ýyla çenli kuwwatlyklaryny ýylda 20–25 million tonna ýetirmegi maksat edinýär.
«XRG» kompaniýasynyň gaz taslamalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Müsürde, Mozambikde, Azerbaýjan Respublikasynda, Türkmenistanda we Günorta Amerikanyň ýurtlarynda ýerleşýär. Geçen ýylyň sentýabrynda «XRG» kompaniýasy Aşgabatda, Waşingtonda, Baku şäherinde we Maputoda edara binalarynyň açylýandygyny yglan etdi.







