GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
G7 ýurtlary nebit we dizel gorlaryny bazara çykarmak barada ylalaşyk gazandylar
05.10.2026

«Uly ýedilik» (G7) ýurtlary Halkara energetika agentligi (HEA) bilen bilelikde ýakyn dört aýyň dowamynda öz strategik gorlaryndan 100 million barrel nebit we nebit önümlerini dünýä bazaryna çykarmak barada möhüm çözgüt kabyl etdiler. Bu barada Guramanyň liderleriniň resmi bilelikdäki beýannamasynda habar berilýär.

Ýörite kabul edilen meýilnama görä, esasy üns bazardaky dizel ýangyjynyň ýetmezçiligini dessine aradan aýyrmaga gönükdiriler. Bellenilen ýangyç mukdarynyň ep-esli bölegi eýýäm ilkinji 20 günüň dowamynda bazara hödürlener.

Energiýa serişdeleriniň bahalarynyň birden ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin ylalaşyga gatnaşýan döwletler birnäçe goşmaça çäreleri hem öňe sürdüler. Dünýä bazarynda durnuklylygy saklamak maksady bilen, taraplar nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda geçirilýän abatlaýyş işleriniň tertibini özara ylalaşyp alyp barmagy hem-de energiýa serişdeleriniň söwdasyna hiç hili çäklendirme girizmezligi karara geldiler.

Mälim bolşy ýaly, bu köp taraply çözgüdiň çaltlaşdyrylmagyna Waşingtonyň gysssagly çäreleri hem täsir etdi. «Reuters» habar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, ABŞ tarapy Fransiýadan we Germaniýadan dizel ýangyjynyň nyrhlaryny arzanlatmak üçin adatdan daşary ätiýaçlyklaryny dessin bazara çykarmagy talap etdi. Şeýle hem, eger bu talap berjaý edilmese, ABŞ agzalan ýurtlara ýangyç eksportyny gadagan etjekdigi barada duýduryş beripdir.