«Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnama baglaşyldy. Degişli resminama Aşgabatda 2026-njy ýylyň 1—2-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň çäklerinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
«Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen halkara forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralyp, oňa döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, iri kompaniýalaryň wekilleri we bilermenler gatnaşdy. Çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek boldy.
Iki günlik forumda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünlikleri, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly ösüş boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Forumyň nebitgaz we energetika pudagyna bagyşlanan mejlislerinde Türkmenistanyň energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
«Energetika taýdan durnuklylyk we ygtybarlylyk. Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagaty pudagyndaky ileri tutulýan ugurlaryň ösüşi» atly mejlisde iri nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, nebit we gazhimiýa toplumlaryny ösdürmek boýunça geljekki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary goşulan gymmatly önümleri öndürmegiň we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti bellenildi.
«Ykdysady ösüşiň durnuklylygynyň kepili hökmünde energetika arabaglanyşygy we energetika howpsuzlygy. Ykdysadyýetiň senagat-gurluşyk pudaklaryny ösdürmek» atly mejlisde bolsa energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, arassa energetika taslamalaryny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň dowamynda birnäçe döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen arasynda dürli ugurlarda şertnamalara we özara düşünişmek hakynda resminamalara gol çekilmegi ýurduň maýa goýum işjeňligini ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň biri boldy.







