Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 26-njy sentýabrda geçirilen söwdalaryň netijesinde jemi 501 million 840 müň manada we 80 müň ABŞ dollaryna de[ bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Daşary söwdalarda Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gyzdyrylan nebit koksyny satyn almak boýunça şertnamalary resmileşdirdiler. Bu geleşikler ýurdumyzyň nebit önümleriniň halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öndürýän «A» kysymly tehniki ýoduny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Biržada geçirilen söwdalaryň netijeleri milli senagat önümlerine içerki we daşarky bazarlarda durnukly islegiň saklanýandygyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny görkezýär.







